MENU

00:07
ÇYNYM BILEN YNANDYM.
Çynym bilen ynandym.

Şu gün meniñ günüm, üýtgeşik bar zat,
Meýdan al-ýaşyl, guşlar saýraýar,
Uzagyndan bolsun ähli zat gowy,
Durmuş eşret bilen başym aýlaýar.

Arassa howadan dem alýan erkin,
Güneşem ýakanok yssysy bilen,
Bu gün bir ýerlerde bukulan ýaly,
Şumroý kinelerim gussasy bilen.

Bu gün hiçkim göwnüme-de degenok,
Şeýle bir mähirli, mylaýym herkim,
Dünýäñ düzelenin buşlasym gelýär,
Bogazymy gyryp, gygyryp çirkin.

Nirä baksam nurly ýüzi görýän men,
Ýylgyryş, gözellik hökmüni sürýär,
Hoşamaýlyk bilen kalbymy gozgap,
Ýakymly duýgylar gujagny gerýär.

Şu gün meniñ günüm, üýtgeşik bar zat,
Seýle bolaýanok bagtyñ şowmasa,
Gün uzak düýşürgäp ýatjak ekenim,
Jañ sagady oýarmadyk bolmasa...

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 119 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
-1
1 Мango • 00:16, 15.08.2023
diýmek, durmuş diňe düýşde gowy-da? :-)
avatar
0
2 Garlawac • 14:36, 15.08.2023
Şeýle bolaýanok bagtyň şowmasa :)
avatar
0
3 Pero • 09:15, 23.09.2023
"Bogazymy gyryp, gygyryp çirkin." Dūnýäñ düzelenini aýtjak bolsañ çirkin gygyrmak geliṣenok. Belki "erkin"gygyryp görersiñ?!
avatar

uCoz