MENU

19:14
Dagam gaýga batypdyr
DAGAM GAÝGA BARYPDYR

Dagam gaýga batypdyr,
Ýaş akdyrýar çeşminden.
Aladasy ýok ýaly,
Onuñ agras keşbinde.

Syrygyp oñ göz ýaşy,
Bulak bolup akyp dur.
Jülgeleriñ, düzleriñ,
Kalbyn suwa ýakyp dur.

Derdinden nep tapýarlar,
Bag-bakjaly dereler.
Ganyp içýär gözýaşyn,
Suwa baran jerenler.

Dagyñ çekýän ahwalyn,
Dert çekişip gelýän ýok.
"Neçün aglaýañ" diýip,
Haldan habar alýan ýok.

Ýere urup myhyny,
Buza öwrüp başyny,
Gama batyp otyr dag,
Akdyryp gözýaşyny.

© Remezan MÄMETGURBANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 85 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Medicall • 22:09, 27.07.2023
Goşgyñ ýazylyşy gowy, owazly okalşyny haladym, emma näme üçindir dagyñ aglamagy ýüregime batmady, dagy agladasym gelmedi belki?!
Ýene şeýleräk pikirem gelip geçdi: belki daglaram aglaýandyr?
Ýene diydim: ýok daglar aglamasa gowy, ol bulaklar, çeşme çaýlar, asmanyñ, ak garyñ, daglaryñ üstünden zemine ugradýan engamy ahyryn...belki perzendi üçin gursagyna mähir inýãn Eneler ýaly...
avatar
0
2 Kyyas • 22:20, 27.07.2023
Dag- mertligiñ nyşany, elbetde aglamagy gowy däl. Emma aglaýar diýmek bn hat-da dag ýaly adamlaram aglap biljekdigini ýañzytmak isledim
avatar
1
3 Medicall • 23:19, 27.07.2023
Hawa, men şeýle diýeniñize düşündim, emma özüm olary agladasym gelmedi)
avatar
0
4 Aksary • 22:28, 28.07.2023
DAGAM GAÝGA BARYPDYR

Dagam GAÝGA batypdyr,
Ýaş akdyrýar çeşminden.
ALADASY YOK YALY
Onuñ agras keşbinde.

Dagyñ gaýga batandygyny aýdandan soñ onuñ Aladasynyñ yok däldiginem aýdypdyr.gaýga batanyñ hökman bir aladasy bolaýmaly zat.
avatar
0
5 Kyyas • 23:29, 28.07.2023
Emma aladasy ýok ýaly, onuñ agras keşbinde diýip ýok ýaly sözi goşulan bolmaly, göni ýok diýilmedik
avatar

uCoz