MENU

08:53
Daglar
DAGLAR

Daglar,
daş ykbally daglar,
ýalaňaç daglar,
Bagry bilen gatan ykbalyňyz keç.
Siz iliň derdine ýüregin daglan,
Şahyryň ýalaňaç ýüregne meňzeş.

Bulutlaryň mesgenidir gerşiňiz,
Ýelem depäňizde haýal-ýagallar.
Ýere ýagyş ýagsa — gardyr durşuňyz,
Ýere gyraw düşse, size ýagar gar.

Diňe tomus çözüp siziň doňuňyz,
Göm-gök buzdan donuňyza zer çaýar.
...Daglar, gara daglar daş bolup ýatyr,
Dolup-daşyp aksyn diýip derýalar.
Категория: Goşgular | Просмотров: 73 | Добавил: Bagabat | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 1
avatar
1
1 Мango • 15:54, 03.12.2022
Gowy goşgy eken.
soňky setirleri täsirli.

...Daglar, gara daglar daş bolup ýatyr,
Dolup-daşyp aksyn diýip derýalar.


derýalaryň akmagy üçin daş bolup ýatan gahrymanyň näme sebäpden "ykbalynyň keçligine" düşünmedim.
avatar

uCoz