MENU

13:28
Damjalar

DAMJALAR

Geldi – geçer

Dost bolanlar gitdi eýýäm,
Öňki ýazlar gelmez, bilýän.
Ýaşlyk golun salgap gitdi –
Arzuwlarym aglap ýitdi –
“Jikge” gondy naşy aşyk –
Aşda ýitdi ýagly kaşyk.

Dünýä barýar gurup kerwen –
Wagtam üýtgeýär her gün.
“Geldi – geçer!” edýän pikir.
Meni ýalňyzlyga dözmän –
Duşmanym galdy. Şükür!

* * *

“Aýal eýle, aýal beýle..” diýýärler,
Hem onuň elinden çörek iýýärler.
“...orak urup agyrtmaýar bilini,
ýöne aýal şeýle bolsa siz aýdyň,
Adam Ataň gapyrgasyn, hilini...

* * *

Maňa “Gülüp gez” diýýärsiň joram,
Ýüzümi güldürdim, dünýä-de güldi.
“Saňa näme boldy?” – geň galýar soran,
Içimde bir göz çeşmesin sykýar –
Ýagasy gelip dur bar ýerde ba:ran –
Daşyma baksalar dünýä azaşar,
Salgymy içimden taparlar soran –
sen meni nädäýdiň garagöz joram!

06.10.2022 ý.

* * *

Wah, men bu ýola uzakdyr öýdüpdim,
Nirde durun, ortadamy, ahyry?
Kä begendim, käte juda göýdükdim,
Gökde Zöhre, ýerde goýup Tahyry –
Ýere düşüp boldy iliň şahyry...

Şahyrmy ol, aýdyp bilmen kim bilýär?
Saýraý – saýraý, gury saýran heň bilýär,
Men bilýän, ol hyýal bolup bilmedik –
Ene, bagtly aýal bolup bilmedik..

* * *

Pyşyrdaýan, syçrap gidýär “Damjalar”
Olar bir gün gögererler gül bolup.
Kime many, kime gamly sanjylar,
Kime ýagty, kime matal,tün bolup.
Ertekiler käte ýalan, çyn bolup –
Barybir sowala jogap tapylmaz,
Men ýaşap bilýänçäm munda “Kim” bolup...

03.10.2022Ý

Ol oda çoýundy goly sandyrap,
Ellerinden akyp gitdi,
Gözlerinden akyp gitdi –
Kalbynyň doňy,
Ýüreginiň ýaňy,
Biri odun daşady,
Biri bilin guşady –
Ol bolsa gugaran öý deý,emaý bilen boşady –
Soň gamyn otdan gözledi –
Ot tüsseläp oňa dözmedi,
Öçdi,
Ol bolsa erän gözýaşyn –
Içdi!

05.10.2022 ý.

© Oguljemal ÇARYÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Medicall | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz