MENU

17:45
Degişme äheňde

DEGIŞME ÄHEŇDE

Bir bakyşda meni dyza çökerdiň—
söýginiň permany örän zor eken.
Haçjasyz, nogtasyz, ýüpsüz kökerdiň—
Älemde şeýle geň güýç hem bar eken.

Boýnum burulmaz hiç, çöksem-de dyza,
Bu babatda entek men juda gedem.
Ýöne aşyk bolsaň owadan gyza,
Erkiň gidýär, aklyňam ýitýär eken.

Garaşaryn seniň soňky hökmüňe.
Dag ýarmalam bolsa men mydam taýyn.
Bu sözleri diýerinmi erkime,
Hürsekläp durmasa yşkym her daýym.

© Kakajan BALKANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 112 | Добавил: Балканов | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 3.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Mergenowna • 21:08, 20.04.2023
Отлично!
avatar

uCoz