MENU

00:35
Desse gaýdyran

DESSE GAÝDYRAN


Ir döwürlerde çarwa türkmenleri azyk-owkatlyk üçin düme bugdaý ekipdirler. Bugdaý ýetişenden soň, el güýji bilen orup, bir goltuklyk möçberinde orlan bugdaýlary desseläpdirler. Käteler şol desseleri ekin meýdanyndan çykarmankalar, çabga (doly) ýagyp, desseleri suwa aldyrypdyrlar. Şoňa görä-de, orak döwründe ýagýan ýagşa «desse gaýdyran» diýip at beripdirler. Bu ýagyş, köplenç, maý aýynyň ahyrynda, iýun aýynyň başlarynda ýagýar.

Hangylyç TAGANGYLYJOW
Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär
Категория: "Jahanda näler görüner" | Просмотров: 63 | Добавил: Medicall | Теги: Hangylyç Tagangylyjow | Рейтинг: 2.7/3
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz