MENU

02:07
Dilim gurady
Ýürek geplänok, geplemeýärem,
Ol diñe urup bilýär,
Möhleti dolsa, durup bilýär,
Sen welin diñ salýañ, maýyny bermän,
Bir zatlary gürlärine garaşýañ,
Garaşman.

Umyt gowy zatlaý, süýnüp ýatyp,
Ynam edýäñ ertir güneş dogarna,
Gussalary ýassygyñda ýygşyryp,
Zyñyp bilmän owarra,
Oñarýañ.

Käte ýitirýärsiñ sabryñ käsesin,
Bahanalar sebäp bolup görünýär,
Käte gysyp bilmän yşgyñ mäşesin,
Ilden görülýär.

Içde ahmyrlaryñ gaýnap, bugaryp,
Içine siñäýse gara bulutlañ,
Bir gün çagba bolup guýar üstüñden,
Unutma!.

Hä-ä, onsoñam, kim bolsañam,
Hatany ýürege çüýläp,
Ömrüñi hyýala güýmäp,
,,Seni çyn ýüregim bilen-,
-söýýän", diýmäñ.
Günä şol, ýürek bigünä.

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 sussupessimist • 09:47, 29.04.2024
Bir zatlar ýetmeýän ýaly.
Mäşesini gysyp bilmeýän ýeri gowy, şoň ýaly tapyndylar köpräk gerek
avatar

uCoz