MENU

15:23
Diňe sen...
DIŇE SEŇ ...

Aý, eje, diňe seň ynamyň gerek,
Görersiň, deňlerden geçip giderin.
Abanaryn baglaň, daglaň üstüne,
Ýöne özüm baryp salam ederin.

Erjelligim bilen, yhlasym bilen,
Dyrmyşaryn asmandanam ýokaryk.
Älemgoşar bo:run, ýöne öýdemok,
Dünýäň älemgoşaryna ýokaryn.

Bagtdanam beter sabyrlylygym,
Bagtyň özün geti:r. Bagtyň özi ge:r.
Hudaýym kem etmez hiç bir üleşden,
Nesibämi ýeti:r. Artykmajam be:r.

Geçirimli bo:run, düşünjek bo:run,
Ýazgarmaryn, ýigrenmerin hiç kesi.
Hemmeleri hormatlaryn, sylaryn,
Ýöne deň söýmerin belendi-pesi.

Ugur taparyn, ýol taparyn çenensem,
Duraryn köpleriň duran ýerinde.
Göwniýetmezçilik etme, ynansaň,
Beýik-beýik pikirler bar serimde.

Jan, käbäm, ynanaý, ynha, görersiň,
Soňurrak hemmeler maňa çokunar.
Sebäp ilki özüm ýüregi bilen,
Hemmelere hudaýlar deý çokunan.

Sadalygym bilen, päkligim bilen,
Allaň deňindenem öterin merdem...
...DIŇE SEŇ deňiňe ýetip bilmerin,
Sebäp, Sen bu dünýä şahyr gyz berdiň.

09.03.2001ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 13:39, 08.04.2023
hmmm...
bir-ä çokunulýan ýerlerini halaman ýatyn (näme diýýänine düşünsem-de);
birem Allaň deňinden "sadalyk we päklik" bilen ötüberişini. göwnüme bolmasa, sadalyk we päklikden öňürti başga zatlar soralýan ýalyla. (bu ýerde-de näme diýjek bolanyna düşünýän, onda-da...)

Ejem ýaly boljak bolsam, menem dünýä şahyr gyz bermeli bolýan - diýjek bolýaňmy?

goşgy gowy.
gowy goşgy.
gogoş wygy.
gogo wyşgy.
(soňky üç setire üns berme) :-)
avatar

uCoz