MENU

23:02
Diýdiñ menden özgä ýazma sen goşgy...
Diýdiñ menden özgä ýazma sen goşgy
Joşdurmasyn seni menden özgeler
Şygyrlaryñ bolsun meñ bilen bagly
Ylhamyñ gurşasyn menli pikirler....

Diýdiñ menden özgä ýazma sen goşgy
Diñe men okaýyn, hem-de diñläýin
Gizlin saklaly biz bu pynhan yşgy
Özüm hakda ýazanlarñy geñläýin...

Diýdiñ menden özgä ýazma sen goşgy
Bermek islämok hiç ýat duýga seni
Näçe gabanmajak bolsamam indi
Garyşyk pikirler gurşaýar seri...

Diýdiñ menden özgä ýazma sen goşgy
Saña bagyşladym şygyr ep-esli
Durmuşymda peýda bolan günüñden
Çykanyñdan soñam şu güne çenli...

Görýäñmi entägem ýykamok sözüñ
Ähli ýazanlarym señ bilen bagly.
Şondada ýeke gez yza bakmadyñ
Diýipdiñ hiç özgä ýazmagyn goşgy...

Laçyn Sapardurdyýewa
Категория: Goşgular | Просмотров: 123 | Добавил: Lachyn96 | Теги: Laçyn Sapardurdyýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Medicall • 08:58, 18.06.2023
Şeý diýibem soñ giden bolsa erbet oglan eken, indi ýazma şoña goşgy! (
Diýjek bolyanym goşgy ýazma diyjek bolamok, has gowy ýazyp, kime ýazýanyñam bilmez ýaly ýazsana Laçyn, sen ol duygydan ýeñilme, ejizleme beýik bolup başgaça ýazyp "içini ýakyp" ýazsana şoñ))
avatar
0
2 Medicall • 09:50, 18.06.2023
Şu ýerde başgalañam pikirini bilesim tutup, sorag bolup dur:

Aslynda goşgy belli bir adama ýüzlenmekden ýazylýamyka ýa hyýalyñda gahryman döredip ýazylýamyka?!
Esasy zat fantaziya güýçli bolmalymyka diyip düşünýärdimda..
avatar
0
3 Lachyn96 • 10:02, 18.06.2023
Belli bir adama ýüzlenip ýazylýan goşgular hem bar, ýöne käte hyýalyñda gahryman döredip hem ýazylýan goşgular az däl
avatar

uCoz