MENU

23:49
Dogduk mekanda gijeler
DOGDUK MEKANDA GIJELER

Gijeler juda ýakymly,
Gijeler şeýle bir sessiz.
Erkinlik ezel hakymdyr,
Hiç kim diýmez: «Beset, besdir!».

Howludaky elwan gülleň
Ysy gelýär penjireden.
Pessaý mukam goýup dilden,
Kalba siňýär terjimesiz.

Ýaprakda çyg – sergin şähdim,
Ah, ümsümlik goýmaz gama.
Ýatlanymda ýaryň ähdin
Aý ýürekdeş bolýar maňa.

Entek duş gelmedim munda
Dolan Aý deý hoşgylawa.
Döredýärin şuglasynda
Iň ajaýyp goşgularym.

Kalp ylhamdan ganmaýar teý,
Arzuwlarmyň ýitdi sany.
Asmandaky ýyldyzlar, heý!
Dünýäň syry sizde ýaly.

Meňzeşsiňiz juda-juda
Jahyllygmyň düýşlerine.
Ähli wagtyn edip pida,
Çykyp bede üýşmegine,
Sizi her gün sanan mendim.
Sesimi eşden hä bersin.
Diýmäň: «Ne beýle eglendiň,
Erkin durnasy Gäwersiň?!».

...Daş-töwerek dymýar sessiz,
Dünýä üýtgeşik çakymdan.
Serde hyýallar serhetsiz,
A gije juda ýakymly.

© Gurbanjemal ANNAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Medicall | Теги: Gurbanjemal Annakowa | Рейтинг: 4.3/3
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 10:42, 13.07.2023
ýakymly gijäniň sessizliginde aý bilen, ýyldyz bilen söhbet etmek - owadan, ýakymly surat.

bede üýşmegine çykyp ýyldyz sanalyşy hem romantik.

ýöne: goşgyň başynda "Erkinlik ezel hakymdyr..." diýseňizem gaýdyp şol ezel hak barada dil ýarmaýaňyz?

ýenede: "Daş-töwerek dymýar sessiz..." -setirinde... "dymmagyň sessiz" görnüşi bar bolsa, onda "sesli görnüşem" bamyka diýesiňi getirip dur.
dymmagyň özi sessizlik.
sessizligiň özi dymmak.
avatar

uCoz