MENU

00:50
Döredibermeli
DÖREDIBERMELI

Ýusup kimin özüm saldym bazara
«Şasenem — Garyp» dessanyndan

Ýaz, ýazylýan wagty, bol-da hoşgylaw,
derýa deý ömürde joş bar, gaýdym bar.
Düýn okap, gowşakdyr öýden goşgulam,
bu gün, eýýäm, aýdym bolup aýdylýar.

Göwnüm, öňler pespäldiň
hem sadadyň,
galan syrly gylyklarňy soň aldyň.
Saýhallap surnukdyň, saýlap ýadadyň,
belki, döretmäge pursat bolandyr.

Bazarda bar satýan gyzyl almanam,
bar, turşy almasyn öwýän — ýeserje.
Isleseler alar,
biler almanam,
satýan däl, aljaklar nyrhyn keserler.

Şahyr bolsaň, söz nobatyň gelende,
goşgularňy okap ber-de gaýdyber.
Öz wagtyndan ir bilmäge elenme,
il adyldyr,
anyk nyrhyň aýdylar.

Wah, balyklar, goşga düşünmeýärler,
Derýaň kenarynda durup, darykma.
Bar zehini pese düşürmeýänler,
Halk bar
hemem ylham beren Halyk bar,

Seniň ýaramazdyr öýden goşgulaň,
il içinde aýdym bolup aýdylýar.
Ýaz, ýazylýan wagty, bol-da hoşgylaw,
derýa deý ömürde joş bar, gaýdym bar.
Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz