MENU

19:27
DOST
DOST

Meniñ bir dostum bar, dostlaryñ dosty!
Men dostumy janymdan-da eý görýän.
Sebäp ondan dostlañ serweri ýokdur,
Ol islese,
Meýlis gurýan,
Toý berýän.
Islese jylawyn boýnuna orap,
Alan galañ özüñki diýip goýberýän!
Dostlarymyñ içinde ýeke-tägim ol,
Howaly başymda tylla täjim ol,
Gähi-gähi ony eljiredýärin,
Gähi-gähi ony lälimsiredýän.
Tug kimin göterip göwnüni onuñ,
Diýenim bir,
Diýmedigni iki edýän.
Öwülýä ýykylyp alan deý göýä,

Ýaşaýan,
Şatlanýan,
Iýýän hem içýän,
Şol söwer dostumyñ islegne görä.
Sag bol, şeýle dosty berenñe ykbal!
Tarhanlañ tarhany,
Tarhan hatly ol,
Näme etse-de hakly ol,
Etmese-de hakly ol.
Sermes bolýan onuñ göwnüni ýykman,
Dostum bolsa halys depäme çykýar!

Ýör, gideli dostum, ýörär ýoluña,
Paýandaz ýazaýyn jahanyñ ýazyn.
Arzuwlaryñ hasyl kylyp birdemde
Hakykata öwüreýin hyýalyñ.
Getirip hazyna-genjin,
Getirip geljegiñ depinesini,
Iki dogup
Bir galanym,
Gardaşym,
Saña janym, din-imanym bagş edip,
Sowuraýyn tapan-tupan pulumam.

Nobatguly Rejebow. "Kalbymyñ senasy" kitabyndan
Просмотров: 75 | Добавил: Kyyas | Теги: Nobatguly Rejepow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Mekan • 23:33, 23.01.2023
Ýürekden diýseñ o däl ýaly, kinaýa diýseñ o däl ýaly.

Ýamman dos ekenaý o dos.

Goşgyñ soñunda o dostuñam bu dosta garşy duýgusyny aýdar öytdüm wöli...
avatar
1
2 Мango • 00:01, 24.01.2023
Getirip geljegiñ depinesini,

"define" diýdigi bolmaly.
"define" - gömülgi diýen manysy bar ken. ýagny hazyna, gömülen hazyna, baýlyk.

türkmenem "F" diýmäge ýaltanyp, aňsadyna bakyp "P" diýäýýä-dä.
===
mugallym okuwçyny çykaryp diýýär:
– hany "päbrik" diýip ýaz.
okuwçam doskada "päbrik" diýip ýazýar.
"fabrik" diýip ýazdyrmak isleýän mugallym ahyry bolmansoň okuwça iki elini gapdallaýyn ýarym aýlaw edip birleşdirip görkezýämiş, ýagny "Ф" harpynyň şekiline girip:
– ine, şeýle "päbrik" ýaz diýýämiş.
diňe şondan soň doskada "Fabrik (Фабрик)" diýp ýazylýar.
avatar
0
3 Bagabat • 08:32, 24.01.2023
"Päbrik";
"Fabrik";
"Fabrika"?
avatar
0
4 Мango • 09:44, 24.01.2023
Fabrika.
Ýöne şo gezek “Fabrik” diýip ýazypdyrlar.
avatar
1
5 Bagabat • 09:50, 24.01.2023
Bir nädogrulygy ikinji nädogrulyk bilen düzetmek - gyzykly çykalga.
avatar

uCoz