MENU

08:17
,,Dost'' diýmäñ maña!.
,,DOST" DIÝMÄÑ MAÑA!.

,,Dost" diýmäñ maña...
Bu gün meniñ bilen duzum iýişip,
Ertir bolsa, tapyp müñ bir bahana,
Ýalanlañ içinde ýakjak bolsañyz,
,,Dost" diýmäñ maña.

Goluñyz boýnuma atyşan bolup,
Süýji sözi getirip şor dahana,
Iñ soñy mugtyna satjak bolsañyz,
,,Dost" diýmäñ maña.

Ugursyz beýnimiñ iglän mahaly,
Ýürekdeş syraşyp batamda gama,
Soñam duşman ýaly bakjak bolsañyz,
,,Dost" diýmäñ maña.

Kim bilipdir geljeginiñ biçimin,
Synag üçin inipdiris jahana,
Alla zikir edip ýatsam agşamlar,
Herne şükir bilen ýetemde daña,
Ýürekden çykýan söz döndi lagyla,
Köp ynsanyñ ýüzleri hem ýasama,
Indi çyn dostluga ynamym öçýär,
Müşgil işlem dönmese-de asana,
Kemimi agtaryp, artygym gizläp,
Kamaty çeýnelen sabrymy sana-,
-Sala:mda, ýylan deý çakjak bolsañyz,
,,Dost" diýmäñ maña...

2014ý

©Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 101 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 5
avatar
0
1 Мango • 09:16, 09.10.2023
"dostlar" özüni tanadanda ýazypdyrsyň öýdýän, Baýram kaka.
avatar
0
2 Kyyas • 01:04, 10.10.2023
Gowy goşgy
avatar
0
3 Pero • 12:28, 11.10.2023
Gowy goṣgy,galamyñ ötgür bolsun! Indi bir soragym bar:Baýram,siziñ pikiriñizçe dost seniñ minusyñy aýdyp(ikiçäklikde) ṣonyñ-a ýalñyṣ diýmelimi ýa-da señki ỳalnyṣ bolsa-da seniñ arkañy almalymy?
avatar
0
4 @Baýram_Bejidow • 14:59, 11.10.2023
Salam Meñli hanym! Birinji aýdanyñyz bolmaly
avatar
0
5 Pero • 21:15, 11.10.2023
Ikinji toparyñ dosty köp bolýa,birinjiñki bar bolsa-da ýok bolýa:)))
avatar

uCoz