MENU

19:42
Döwrüň joşguny bilen

Döwrüň joşguny bilen

Çyn şahyrlar, ylahy zehinler dürli döwürlerde dünýä gelip, öz zamanasynyň owazyny şygra geçiripdirler. Bu wezipe XVIII asyrda Magtymguly Pyragynyň, Andalypdyr Gaýybynyň egnine düşse, XIX asyrda Keminedir Seýdi, Zelilidir Mollanepes, Mätäji ýaly şahyrlar türkmen edebiýatyndaky edebi däpleri dowam etdirdiler, ösdürdiler. Halkyň milli ruhuna kybap eserleri bilen nusgawy şahyr derejesine göterildiler. Türkmen edebiýatynyň Magtymgulydan gözbaş alan depgini XX asyrda örüsini has­da giňeltdi. Milli edebiýatymyz bilen edebi köprüleriň üstünde zehinli şahyrlaryň uly topary döredi. Biz olara «şahyrana nesil» diýýäris. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbannazar Ezizow öz galamdaş deň­duşlaryny – Halyl Kulyýewi, Italmaz Nuryýewi, Annaberdi Agabaýewi, Kakabaý Ylýasowy, Gowşut Şamyýewi göz öňünde tutup, olary «Meniň neslim» diýip atlandyrdy.
Ýöne her bir şahyrana nesliň has zehinli – aýratyn tapawutlanýan, halkyň ýüregine ýakyn, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow ýaly şahsyýetleri bolýar.
XXI asyryň başlarynda ýurdumyzda täze ruhy galkynyş emele geldi. Asyrlaryň çuňlugyndan gelýän edebi akabamyz durlandy we poeziýamyza Kakamyrat Rejebow ýaly zehinli şahyrlaryň uly topary geldi. Kakamyrat Rejebow öz deň­duşlarynyň arasynda özboluşly döredijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Ol goşgudyr poemalary bilen metbugat sahypalarynda yzygiderli çykyş edip gelýär. Eliňizdäki kitaba giren goşgularda, şahyrana duýgulara ýugrulan poemada şahyryň öz ýüzi, öz galam ýöredişi bar. Muňa özboluşlylyk diýilýär. Özgelere meňzemezlik, şygryýetde diňe öz ýoluňy gözlemek hem tapmak, döwrüň sesine ses goşmak – her bir şahyryň borjy.
Men Kakamyradyň goşgularyndan mysal getirip, onuň çeper obrazlary, sagdyn kapyýalary, diňe özüne mahsus oýlanmalary hakda has giňişleýin, mysallaryň üsti bilen hem gürrüň edip bilerdim. Ýöne bu zatlara kitaby ( Kakamyrat Rejebow «Bagtyň suraty») okan okyjylaryň özleri göz ýetirerler diýip, ol pikirimden saklandym.
Iň esasy zat: gadymlardan gelýän türkmen şahyrana akymyna öz liriki şahsyýeti bilen täze bir şahyryň gelip goşulandygyny aýtmak isledim.

Atamyrat ATABAÝEW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.
Çeşme: Rejebow K. Bagtyň suraty. Goşgular we poema. –A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2019.
Категория: Edebi tankytlar, seljermeler | Просмотров: 163 | Добавил: Saryýew | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Medicall • 14:53, 30.05.2023
Kakamyradyñ diňe adamkärçiliginiñ özem aýratyn şahyranalyk..
avatar
0
2 Medicall • 14:55, 30.05.2023
Şoñ üçinem ol ŞAHYR.

'Bize şahyr ýürek ogullar gerek" diýýärler-a. Kakamyrat şol diýilýän OGULLARDAN..
Ylalaşmanam bilersiñiz, ýöne ol hakykatdanam şeýle
avatar
1
3 Saryýew • 23:20, 30.05.2023
Halypa şahyrymyz Oguljemal Çaryýewa şu sözleri paýlaşmagymy haýyş etdi:

A.Atabaýewiň doga zehinli şahyr Kakamyrat Rejebow hakynda ýazan sözbaşysyny okap, bir wagtky bir pursat ýadyma düşdi. K.Rejebow haçan-da "Nesil" gazetine baş redaktor bellenende, men oňa jaň etdim: "Kakamyrat, gutly hem düşümli bolsun! Ýöne men-ä saňa hem begenýän, hem-de gynanýan. Begenýän tarapym - zehinleri goldarsyň, gynanýan tarapym işe berlip, ynamy ödejek bolup, döredijilikden daşlaşarmykaň diýýän" diýdim. Ýöne wagt görkezdi. Kakamyrat hakykatdan-da zehinleri goldady, olara goluny uzatdy.
Işini örän gowy oňarýar. "Türkmenistan" gazeti B.Kerimi döwründen bäri ösüşlere eýe boldy, pese düşmedi. Gazet döwrüň howasy bilen dem alyp, döwrüň gözi bilen dünýä seredýär.
Kakamyradyň döredijiligi hiç kimiňkä meňzemän, diňe Kakamyrada meňzeýär. Özboluşly we giň dünýägaraýyşly, çuň pikirli goşgulary, duýguly şygyrlary okyjyny yzyna düşürýär.
Kakamyratdan ýene-de kän goşgulara garaşýarys. Men ony tanalym bäri (Elbetde ýazan goşgularynyň üsti bilen) okyjysy.
avatar

uCoz