MENU

10:45
Dünýäde hemme zat kämilleṣmeli
DÜNÝÄDE HEMME ZAT KÄMILLEṢMELI

Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.
Damja dama-dama köle öwrülip,
Yzlar — ýoda,
Ýoda — ýola öwrülip,
Oglanlar gyz är-aýala öwrülip—
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Owazlar goşulyp öwrülýär saza,
Gyş kem-kemden eräp ýazýandyr ýaza,
Ömür köne,
Emma ykballar täze —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Sen gyza bakýarsyň,
Gyz bolsa — saňa.
Ýöne entek söýgi diýlenok muňa,
Otly tamdyr ýaly taplanyp diňe —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ak daňy atyrýar geçýär-de gije,
Ýeli, suwy adam öwürýär güýje,
Ýaz — tohum sepilýä
Güýzem — netije —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Bilemok, aslymyz maýmynmy ýa däl,
Durmuş näme?
Durmuş — jogap däl —
Sowal.
Günäň garşysyna döräpdir zowal —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýamana haý diýip,
Ýagşyny aýap,
Biz kemal tapýarys çeksek-de azap,
Bir zady ýumursa,
Bir zady ýasap —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

Ýaşaber dünýäňe ynamsyz bakman,
Kesel köpelensoň döräpdir Lukman.
Bizi howlukdyryp,
Özi howlukman —
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

© Berdinazar Hudaýnazarow
Категория: Goşgular | Просмотров: 93 | Добавил: Pero | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 12:47, 03.06.2023
Oglanlar gyz är-aýala öwrülip—
Dünýäde hemme zat kämilleşmeli.

gyzlaşýan oglanlar barada aýdýarmy Berdinazar aga?
öňünden görüpmi ýa şo döwürem başladymyka?

şu meseläni tw-lerem propoganda edýäleraý, ýuwaşlyk bilen. tw diýýänim türkmendäl tw-ler.
reýtingi uly, köp görülýän ýaryşma programmalarynda hökmän şolar ýalysyndan birini goşýalar.
biri başy açyk, biri ýaglykly, ýene biri aýallaşan erkek... bize bir mesaža berjek bolýalar.
her tüsliler, indi zamana oňuşmak zamanasy. oňuşyberiň birek-birek bilen diýilýämi ýa başga zat diýiljek bolýamy....
ýeri bolýa. dünýä "kämilleşmeli".
ýa-da nätsegem dünýä "kämilleşer".
avatar
0
2 Häki • 16:39, 04.06.2023
"Oglan-gyzlar är-aýala öwrülip" bolmaly. Ýogsa, ondan kämilleşik bolmaz. Goşgynyň manysyna ters geler. Ýöne, Berdinazawr aga, näme aýtsada kiçi dilden bärde aýtýan ýaly bolup eşidilýär maňa. Ömür ýoly hakdaky maglumatlary eşidenimden soň.
avatar

uCoz