MENU

00:19
Dünýede iñ uly ezýetleñ biri
DÜNÝEDE IÑ ULY EZÝETLEÑ BIRI

Ýaşlykdanmy, daşlykdanmy?, Bilemok,
Ikimizem aýry ýola ýolukdyk,
Bahanamyz, biz pikirdeş dälmişik,
Öñler-ä biz ýürekdeşem bolupdyk.

Sansyz, soñsyz duýgylara uýupdyk,
Söýüpdigem bir-biregi jan bilen,
Gür şatlyga umyt eden hyýallam,
Tamam boldy bu gün ýene gam bilen.

Kalbyma dökülen ajylar bilen,
Dost tutundym ýalñyzlygy özüme,
Indi meni otlar sençe ýakanok,
Öwrenişdim ataşlaryñ közüne.

Belki, senem küýsegimde ýörensiñ,
Gözleriñe gussa bolandyr hekem,
Dünýede iñ uly ezýetleñ biri,
Hiç soñy gelmedik ýalñyzlyk eken.

Ýandaklary ýorgan edip ýapynýan,
Gijeleñ tümlügi göwnüme urna,
Ýörän ýollaryma ýalanyñ düşap,
Haýyş edýän durmuş, ýüzüme urma!.

Bagt meniñ mañlaýymdan öpmedi,
Ne-hä söýgim galdy ne-de höwesim,
Ýer hopan-da tisginmedik ýüregim,
Sen gideñde doldurypdy öwezin.

Gursagyma zäher bolan günleriñ,
Baryny unytjak başyndan başlap,
...
Bolýa-da hoş gal...!

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 163 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Arzuw_Umydow • 10:23, 05.07.2023
Soňky bent dördünji bentden soň berlen bolsa, ýagny bäşinji we altynjy bentler aýrylan bolsa gowy boljak eken. Bäşinji bentde durmuşa ýüzlenmeklik bilen logika başga ýana sowuljak hem bolupdyr
avatar
0
2 Isbirdenli • 23:21, 05.07.2023
Sähelçejik bellik 2-nji bendiň iň soňky setiri bolan

"Tamam boldy bu gün ýene gam bilen"

we 3-nji bendiň birinji setirindäki

"Kalbyma dökülen ajylar bilen"

setirlerindäki iň soňky söz bolan "bilen" sözi iki gezek gaýtalanyp azajyk birahat etdi. Şol "bilen"-leriň birini üýtgetmetseň gowy boljak.Galan ýerlerine sözüm ýok . Jemlemäň gaty üýtgeşik bolupdyr. Tüweleme gaty üýtgeşik ýazýaň . Her goşgyňy okap başlanyňdan özüne çekip yzyna nädip ýetenimi duýman galýan. Sözler suw ýaly akyp gidýär.Her goşgylaryňy uly höwes bilen okaýan. Berekella galamyň kütelmesin galamdaş. :)
avatar

uCoz