MENU

23:37
Durmuş bizi ownuk pul deý sowurýar

DURMUŞ BIZI OWNUK PUL DEÝ SOWURÝAR

Durmuş bizi ownuk pul deý sowurýar,
Jübüde şaňňyrdap sesi ýatmaýan, –
Şaýy pul dek,
gaýgyranok bizi ol.
Oklaýar,
garnyny (hem kalbyny) ýag alan
söwdagariň aýasyna oklan dek.
Biz tylla däl, dişläp barlanar ýaly,
(Ýöne bu-da bir mesele jedelli).
Aý şuglaly kümüşem däl biz entek,
Ýolumyz bir ýuka gapjyga çenli...
Biz kän – biz ýüz,
ýüz elli,
Ýeke-ýeke sanalaýsak eger-de...
Ýöne ownuk pul biz,
Jübüde şyňňyrdap sesi ýatmaýan.
Çökmän hazynalaň çygly törüne,
Ýüzde gatnaýan,
şaýy pul biz.
Döwür üçin gowy görlen oýunjak,
Hem seçilen bir garybyň toýunda, –
Ownuk pul biz,
zerur gaty kän zada,
Tapylýarys derrew jübi dörülip.
Oýun oýnamaga diýseň ölemen,
Pelek,
ýöne wagt-müddeti ýetende,
(göýä, töleg hoş dilege tölenen),
Oklar bizi...
bir gedaýyň etegine...

© Jumageldi MÜLKIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 102 | Добавил: sussupessimist | Теги: Jumageldi Mülkiýew | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Sylapberdi • 01:22, 11.12.2023
Мы мелкие деньги, жалкая казна,
Как хочет так и тратит нас серые времена.
Maari atly bir şahyrdan terjime okapdym. Başy şoña menzeýän eken.
avatar
1
2 Mekan2 • 10:30, 11.12.2023
bir näzenin gysymyna gysymlar
pyşyrdar köňlünde beslän arzuwyn
çapar salan ýaly salar arkan
dilegler ynanlan arzyly howza
...howada pyrlanyp gaýyp barýansyň
bir asman, bir zemin hem-de töwerek
bolmajak bolsa bolmaz ekeni
patlap degjeňiň granid erňek
(ýa gara heýkeliň gara maňlaýy)
tigirlenip barjagyň ahyr soňunda
milýonlyk şäheriň lagym ulgamy
avatar

uCoz