MENU

19:24
Durnalar gaýdyp geler
DURNALAR GAÝDYP GELER

Sen Watansyz hasap etme,
gonup-göçen durnany.
G.Ezizow

Duýma:n gussaň azaryn,
Külpetden bagt araryn.
Çekip Watanyň zaryn,
Durnalar gaýdyp geler.

Gitmegi isläp näler,
Günler ähtinden däner.
Gül deý gülende älem,
Durnalar gaýdyp geler.

Dertlese kyn, kejir gün,
Sabryň bilen bejergin.
Gelmese-de, geçen gün
Durnalar gaýdyp geler.

Gitseň ýeriň boş durar,
Gaýga dolar goşgulam,
Getirip müň hoş habar,
Durnalar gaýdyp geler.

Ynam-umyda ýüz ber.
Düşünme yşka ýüzleý.
Wysal bolan arzuw deý,
Durnalar gaýdyp geler.

Ýürek törüme gonup,
Şatlykdan çemen bogup,
Duşmadyk yşkym bolup,
Durnalar gaýdyp geler.

Duý, söýgim mälim köre.
Deňzim dönmesin köle,
Sen ge:rmiň,bilmen,ýöne
Durnalar gaýdyp geler.

Nury SAKÇYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 138 | Добавил: Sakçy | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 6
avatar
3
1 Pero • 20:09, 04.01.2023
Ajaýyp goşgy! Şu goşga aýdym aýdyldymy?
avatar
3
2 Medicall • 21:56, 04.01.2023
"Dertlese kyn, kejir gün,
Sabryň bilen bejergin.
Gelmese-de, geçen gün
Durnalar gaýdyp geler."

Diýseñ haladym şu goşgyny, öñem okapdym, gaýta gayta okasañam ýadadanok, Awtora üstünlik!!
avatar
1
3 Mekan • 22:43, 04.01.2023
Menem haladym.
avatar
1
4 Sakçy • 23:18, 04.01.2023
Köp sag boluñ!Ýok, aýdym edilib-ä aýdylanok, ýöne durnalar bilen bagly aýdym bardyr
avatar
1
5 Aksary • 00:54, 05.01.2023
Sen ge:rmiň,bilmen,ýöne
Durnalar gaýdyp geler.

Şu ýeri hasam gowy!
avatar
0
6 Medenýet • 16:23, 25.01.2023
Hawa öňemä bir ýerde okapdym.ýa şuňa meňzeş goşgumka özä täsirli goşgu eken
avatar

uCoz