MENU

10:56
Düşünseñ
DÜŞÜNSEŇ

Düşünene bar aýtjak bolan zadym ýekeje sözdi...

Baglañ ygşyldysy, gülleriñ ysy,
Anbarly öwüsen ýelleriñ ysy,
Yzam gowylyk, dur! Yza gaýt!,
Ýaşap ýören dünýäñde,
Olar ýaly dünýe ýok.
Dagda ýok, düzde ýok,
Aýda- günde ýok,
Älemde barlygy hakykat welin,
Arman diri halda ony görme ýok,
Ony duýup bolýar, göze görnenok.

Biz ýöne bir, hyýal gurýan jandarlar,
Kerpiji umytdan, topragy ynam,
Üçegi şowlylyk, düşegi amal,
Düşüneniñ gowmy ýa düşünmäniñ,
Bilemok onam.

Wada bermek bilseñ juda agyr zat,
Geljek günleñ hasylyny dörme ýok,
Gitseñ gynanaryn, gitmäniñde-de,
Ýylgyrşyma şärik bolup ýöreñok.
Köne ýok, täze ähli zat...

Sen maña o dünýä hakda gürrüñ ber,
Dünýäñ hakda aýtma ýeke gepi-de,
Bir wagtlar hyýal guran duýgylam,
Heläk boldy özün zyñyp depeden.
Yzy ýarasyn....

Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 126 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Мango • 13:11, 24.04.2023
Sen maña o dünýä hakda gürrüñ ber,
Dünýäñ hakda aýtma ýeke gepi-de,

geňje goşgy.
düşündim diýsem ýalançy, ýöne ýokarky setirler bir zady ýada saldy.
öňem biri dindar birini (şeýle diýip bolýan bolsa) yzagalaklykda aýyplaýamyş.
olam diýipdir: nähili men yzagalak pikirli bolýan? men ahyretimi, o dünýämi gaýgy edýän, pikirini edýän. sen bolsa diňe bu dünýäň pikiri bilen ýaşaýaň. onsoň kim uzaklara seredýär, kimiň pikiri yzagalak... -diýen ýaly jogap berýär.

Sen maña o dünýä hakda gürrüñ ber,
Dünýäñ hakda aýtma ýeke gepi-de...
avatar
0
2 Pero • 15:44, 24.04.2023
Bu goşgy bu dünýäniñ düýş ýaly bir zatdygyna,belki wirtualdygyna düşünen bir ynsanyñ pikir ýöretmesi bolsa gerek
Sen maña o dünýä hakda gürrüñ ber,
Dünýäñ hakda aýtma ýeke gepi-de, "diýibem öz ruhuna ýüzlenýän ýaly.
avatar

uCoz