MENU

08:41
Düýn bilen söhbet
DÜÝN BILEN SÖHBET



Iñrikleñ süññüne siñen gussalam
Ýok,siñenok gaýta yza serpikýär.
Ahmyrlañ,armanlañ demine boglan
Aýyñ öñün bulut tutýar,howukýar.

Men ýitirlen wagtyñ agysyn aglap,
Gijä galan otlym üçin ýas tutýan.
Wulkan ýaly gaÿnap çykýan ýaṣlarmy
Ýere düṣen ak garlarym ýuwudýar.

Düýnüñ duralgasy yzda galsa-da,
Ýeri,señki nämäñkilik diýsene?!
Zol beýle-de kowalamak bolarmy
Öñem düýne suwsan kalbym küýsedip?!

Azmy näme öñem aldananlarym
Arzuwlaryñ arman bolup dönmesi.
Eýsem,göreñokmy düýnki deñlermiñ
Bu gün gomparyṣan bolup ýörmesin?!

Men-ä düýnüñ janly heýkeli bolup
Olaryñ öñünde ýylgyryp durun.
Olañ bolsa ulumsyja nazarny
Indikime sapak edinjek borun.

Umuman-a men düýnümden öýkeli
Wagtymy elimden alany üçin.
Zyñyp meni bir ýan,arzuwmy bir ýan
Baṣyma aýralyk salany üçin.

Ah,düýnüm,sen göwher ýüzügimdiñ-ä
Arzuwlarym bolsa göwher gaṣlaryñ.
Bu gün hol añyrdan golun salgaýar
Saña sowgat beren gözel ýaṣlygym.

© Meñli Aṣyrowa

12.11.12ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Pegas • 09:45, 07.11.2023
Irki goşgudygy stilindenem, formasyndanam bildirýär.
avatar
0
2 Мango • 12:39, 08.11.2023
ady gyzykly eken.
düýn bilen söhbet...
düýn bilen egri oturyp, dogry gepleşilse has bet bolardy.
avatar

uCoz