MENU

08:53
Düýş
Gözlermiñ içine gorky gaçypdyr,
Ýerdäki, möhletim bolupdyr tamam.
Dirilik suwumy ajal içipdir,
Saklandy zaman.

Günähim dag ýaly sogabym zerre,
Edilmeli işler galypdyr ýarym.
Ýalñyşlarym, üçin garaşýar dürre,
Duýýan ýok halym.

Bizi, bendi eden hokga baz dünýe,
Gara görkezenok ýakyn uzakdan.
Ynsany, barmakda oýnan Iblisler,
Ýatyr duzakda.

Geçmiş, kino deýin lentadan geçip,
Tanadym özümi giç boldy emma.
Ýaradan, öñünde gara der seçip,
Hasap berdim her bir ýazylan jümlä.

Boljak zatlar gözlerimde janlanyp,
Düýşde Tañrym maña syryn açypdyr.
Sorag-jogap günün, *ýat edip* bu gün,
Kalbymyñ, içine gorky gaçypdyr.

© Süleýman TEKÄÝEW

*ýat edip*- ýatlamak manysynda alyndy.
Категория: Goşgular | Просмотров: 121 | Добавил: Hyýalbent | Теги: Süleýman Tekäýew | Рейтинг: 4.0/6
Всего комментариев: 7
avatar
1
1 Belki • 15:03, 29.03.2024
Aşakky düşündirişiñ gerek däl.

Tüweleme, sende görer göze mälim kämilleşme bar. Düýn-öññinkiñem okadym.Haladym. Ýöne hemme mowzuga seslenme beribilemok. 2g-den girýän. Birde gitse, birde gidenok. Edil şuwat duran ýerimiñ anteni bet :))
Gaty gowy gidýäñ, dowam!!!
avatar
1
2 Belki • 15:04, 29.03.2024
Bir ýyldyz basyldy, bäş ýyldyz basjak bolupdym. Emelsiz bolsañ kyn )
avatar
1
3 Mekan2 • 15:14, 29.03.2024
birinji bendi diýseň haladym. beýleki bentler üýşüp birinji bendi daşyna geçseler, basylarlarmyka* diýýän.

*tussag edilmek manyda

Ýalñyşlarym, üçin garaşýar dürre,
Ynsany, barmakda oýnan Iblisler,
Ýaradan, öñünde gara der seçip,
Sorag-jogap günün, *ýat edip* bu gün,

setirlerdäki ýaly ýalňyş goýlan oturlar ýamanmy, men ýaman ýa bolmaly ýerde-de hiç otur goýulmasa? şeýdeniňden goýmaly ýerde-de goýmanyň ýeg ýaly görünýä.
avatar
0
4 Mekan2 • 15:15, 29.03.2024
2-ä. saňa deregem basdym :-)
avatar
1
5 aygull • 15:27, 29.03.2024
Birinji bendiňi jemleme edipjik, beýlekilere-de az-owlak seretseň has güýçli goşgy bolardy, jigim.
Şu-da aňsat düşen däldir. Berekella diýerlik.
avatar
0
6 Hyýalbent • 18:54, 29.03.2024
Beren maslahatlarñyza pikirlerñize sagboluñ ýalñyşlaryñ üstünde işlärin.
avatar
0
7 Rowaç • 18:42, 30.03.2024
Jemlemede batly urgy bilen ýelmejek bolman, setirleriň arasyna-da siňdirip bilersiň urgyň zarbyny...
avatar

uCoz