MENU

17:19
Eger...
EGER...

Eger pul bolmadyk bolsa,
Men tokaýda ýaşardym...
...A-a-ah, gowakda ýaşardym...

Eger pul bolmadyk bolsa,
Atamyň atasam diri bolardy...
...Adamyň atasam bolardy diri...

Eger pul bolmadyk bolsa,
Näletsiňen telewizor bolmazdy:
...meni uzakly gün öweldip goýan,
meni öz öýümde sogan dek soýan,
Ah, jadygöý, ýylan, şeýtan diýsänim...

Eger pul bolmadyk bolsa,
Men mun ýaly şahyr bolup ýörmezdim,
...Adam bolardym...

Eger pul bolmadyk bolsa,
...Ýa:şa:r ýörerdim,
Işläp ýörmän...

Eger pul bolmadyk bolsa,
Elbetde myn ýaly hezil bolmazdy.
...Iň esasy bolsa, mazaň bolmazdy...

01.02.2008ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Bagabat • 17:23, 25.01.2023
Surat, niderland nakgaşy Marinus wan Reýmerswaleniň "Serrap we aýaly" atly, 1539-njy ýylda çeken eseri.
avatar
1
2 Мango • 18:24, 25.01.2023
Eger pul bolmadyk bolsa,
Men mun ýaly şahyr bolup ýörmezdim,
...Adam bolardym...


Şahyr hem adam, ikisi bir ýerde sataşmagy gaty del bolmaga çemeli.
avatar
1
3 Мango • 18:29, 25.01.2023
Köki söwdegär Mara direýän bir şahyryň “Eger pul bolmadyk bolsa, Men tokaýda ýaşardym... ...A-a-ah, gowakda ýaşardym...” diýip ahmyr edişine ilki geň galdym.
Soň “Eger pul bolmadyk bolsa, …hezil bolmazdy …maza(m) bolmazdy...” diýmegi hemme zady ýerbe-ýer etdi.
Hemme pully adamlar Maryda.
Hemme pully şahyrlar Maryda.
Hemme pullar Maryda.
Pul Maryda.
avatar
1
4 Мango • 18:39, 25.01.2023
Картина «Меняла и его жена» 1539 г.,
художник Реймерсвале, Маринус ван.

Suratçyň at-familiýasynda “Mary” sözi bar ekenaý. :-)
avatar

uCoz