MENU

14:30
«Eger onuň göwnün ýykjak bolsaňyz...»

* * *

Eger onuň göwnün ýykjak bolsaňyz,
Ýalandan ýykmaň.
Çyndan ýykyň,
Gaýdyp dikelmez ýaly.
Arzuwyn, umydyn ýakjak bolsaňyz,
Köredip goýmaň,
Kül ediň,
Uçgunam döremez ýaly.

Şatlanan gününde üýşüp daşyna,
Gussa bürenende,
Gaçyň-da,
Geçiň siz,
Kalbyňyz goraň.
Ol ýeke-de çeker, asla basylmaz,
Derdi elemden.

Onuň betbagtlygy size bagt berip,
Gussa çoýsa ruhunyň barlygy.
Ruhy guluňyz,
Ýok edip ony.
Ýedi gat Zeminiň astyna gömüň,
Dirilmez ýaly.

Ýöne welin indi galp sözler bilen,
Iki dünýäň dälisine öwürmäň.
Başarmasaňyz-da
Pursat dörediň,
Ýaşary ýaly.

© Maksatmyrat ÇARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 141 | Добавил: sussupessimist | Теги: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 4.2/5
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 derwushhana • 23:26, 15.02.2024
Iň soňky bendinde bir zatlar galdyrylan ýa-da bir zatlar gerek ýaly duýulýar.

Iki dünýäň dälisine öwürmäň.
??????? Bir zatlar ediň???
Başarmasaňyzda pursat dörediň,
Ýaşary ýaly
avatar
0
2 derwushhana • 23:28, 15.02.2024
Ruhy ahwal oňat berlipdir. Gönümel, pert, dogumly
avatar
0
3 Seýrаn • 08:39, 16.02.2024
Shu oglanam tazelikde gornup ugrady. Bir zatlar diyesi gelyar. Gowy goshgulary bar.
avatar

uCoz