MENU

13:08
Eger türkmen toý etse...

Eger türkmen toý etse,
Özi otyr bir çetde.
Gojalar ygtyýarly
Beýemçi bor, elbetde.

Halan malyn soýarlar,
Baýrak baryn goýarlar.
«Kemi bolsa, ildeşler,
Duýduraýyň» diýerler.

Üýşenmez ýat gelenler,
Ýaşynmaz ýaş gelinler.
Küşt deper hyjuwyndan
Ot alýan ýaş-ýeleňler.

Gözler gözlere düşer,
Gözler göze düşüner.
Ýüreklerde dörän yşk
Eýýäm goşga goşular.

Duýulmaz, syr aýdylar,
Goşgy-gazal öýdüler.
Kesir-kesir gyzlaram
Söýenin soň duýdular,

Toý tutular üç güni,
Kalba sygmaz göçgüni,
Bagtyňyz toýa geler,
Eý, türkmeniň goçlary.

© Nobatguly REJEBOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Atsyzatly • 13:56, 28.11.2023
Öňki kyrk gije-gündiz toý toýlaýan türkmenlerden-ä nam-nyşan galmandyr öýdýän. :)
avatar
0
2 Medicall • 20:41, 28.11.2023
Kowid işini gördi ol toýlañ))
avatar
0
3 Medicall • 20:52, 28.11.2023
"Ýaşynmaz ýaş gelinler." şu setiri ýörüte toý mekanlaryndaky toýlarda şeyle bolaýmasa,(olam diñe ýaş geliniñ öz taraplarynyñ toýunda bolaýmasa:) a öýdäki toýlarda ýaş gelinler ýaşynmanam görsün, ýaş jenap nädaýerka ony:)

Owadan goşgy, ýetireniñiz, ýetirýaniñiz üçin minnetdar:)

Paýlaşyp duruñ, Laçrymosa:)!
avatar

uCoz