MENU

10:07
EJE!
EJE!

Büdräp kölegäme, ylgap salgyma,
Ýamanlañ münberne münmerin eje,
Goý geçsin geçenler, gozgama gowsy,
Bir gussa çümemsoñ, diñmerin eje!.

Owal emgemedik emgegim tapyp,
Düwülen täleýmiñ iññesin sapyp,
Ýañy bir kök uran şinäni çapyp,
Hyýallañ yzyndan eñmerin eje!.

,,Dost" diýdim, ,, Dost" söze mynasyp däl-e,
,,Suw" diýip topuldym, öwrüldi çägä,
Ömrüñ soñlanjagy aýandyr dälä,
Durmuşy barybir ýeñmerin eje!.

Täleý sallançagyn iki ýan yrap,
Dogrusy kineden bükülýän biraz,
Ähli gowylgy çekýäler gyra,
Belki, kämil bolup bilmerin eje!.

Geçmişde ne günler görkezdi pany,
Çeýnäpdik ençeler minnetli nany,
Köki haram bolan şöhraty-şany,
Mugtyna bersinler, almaryn eje!...

© Baýram BEJIDOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 120 | Добавил: @Baýram_Bejidow | Теги: Baýram Bejidow | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Мango • 11:26, 27.04.2023
bir hili garyşyk duýguly goşgy...
näme üçin gussa çümeňsoñ diñmejeksiň? (diňmejegiň çynmy, ýa diýip göýberdiňmi?)
näme sebäpden "durmuşdan ýeňiljegiňi" ejeňe aýdýaň?
näme üçin ýeňiljek? oňünden kapitulýasiýamy?
ýene jemlemäň ýagşy: "haram şöhraty almaryn eje!"

Baýram kaka, göwnümemikä bir hili goşgularyňa gereginden artyk "agyr ýük" ýüklemäge ýykgyn edýäň.

Owal emgemedik emgegim tapyp,
Düwülen täleýmiñ iññesin sapyp,
Ýañy bir kök uran şinäni çapyp,
Hyýallañ yzyndan eñmerin eje!.
avatar
0
2 @Baýram_Bejidow • 11:36, 27.04.2023
Aslynda köp adam diýýär ,,zeýrenýäñ!" Diýip nähili düşündirjegimi bilemok belki maña men bolup ýaşan düşüner belki ol hem çykalgasyny tapyp menden güýçli geler ony-da bilemok, umuman ýazmalymyş diýseler gözüni çykarýan bolmagymam ahmal welin, garaz indi gowlanjagyna söz beresim gelýär nesip bolsa ymtylmam gowy günlere sary, köp okamaly welin biz pahyr okaman döretjek bolýas ( ýagny men...)
avatar
0
3 Pero • 11:54, 27.04.2023
Baýram Bejidow,"Niýet" niýen närsäni ýöne ýere ýatlatmadym beýleki teswirde.
Gowy ukyp-zehiniñizi gereginden artyk nägile duýgulara baglaýarsyñyz. Bu gynandyryar.
avatar
0
4 @Baýram_Bejidow • 12:48, 27.04.2023
Berekella ine bu teswir ýüregime jüñk boldy. Gaty dogry bellediñiz.
Namaz parzyñy okaljak bolanda-da ilki bilen niýet edilýär, Alla üçin ilki bilen biziñ niýetimiz möhüm namazy göz üçinem okaýan bar-a, umuman ýaşamakda niýet etmek gaty uly rol oýnaýar, meniñem samramalarymda gözden çykgynç artykmac duýgylar at salýar, bu bolsa durmuşy bir gyra itip ruhypeslige ýetirip bipjek uly sebäpleriñ biri bolsa gerek, minnetdar size!
avatar

uCoz