MENU

17:26
Eje, meň üçin dileg et!


Eje, meň üçin dileg et!

Bir çak hüwdüňdäki ýaly,
Eje, meň üçin dileg et!
Ýeňerim ýaly bu ýoly,
Eje, meň üçin dileg et!

Gaýgy etme gije zol turup,
Aglama gözüň dolduryp,
Düýş görseň gowluga ýorup,
Eje, meň üçin dileg et!

Ýanbermezek bu durmuşda,
Synalýas biz turuwbaşdan,
Säherde, ümüş-tamyşda,
Eje, meň üçin dileg et!

“Bolsun!” diý, ile ýaramy,
Ýama ýüregmiň deň ýary,
Dep et-de köne ýaramy,
Eje, meň üçin dileg et!

Obam menden alys oýda,
Ak gün dogjakmyş golaýda.
Bar işiňi çetde goý-da,
Eje, meň üçin dileg et!

Gün gyzyp, agarsa igde,
Çagalar ýüzer güzerde,
“Talyp bolsun gyzym!” diý-de,
Eje, meň üçin dileg et!

Sorýan säheriň howasyn,
Özüň bir uly dogamsyň!
Men dilemämi goýaýsam,
Eje, meň üçin dileg et!

Ogulnur ATAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 126 | Добавил: Saryýew | Теги: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Pero • 22:59, 27.05.2023
Ejeleriñ dilegi keramatly bolýanyna ynanýan.
Gowy goṣgy
avatar

uCoz