MENU

17:56
Ejeme
EJEME

Ana geldi, joralary ejemiň,
,,Täze ýyly", gutlap ýörler mazaly.
Öň şulara goşulýardy ejemem,
Derdi bilen, duýmasada mazany.

Hudaýa öwredip bolýamy näme?
Şatlyk bilen derdi özi paýlaýa.
Obaňda uludan toý tutýar biri,
Başga biri ejesini jaýlaýa.

Ýüregme gam geldi, hemmäň şat güni,
Bol-telki saçakda kemlik duýulýar.
Diri güni söýgä mätäç bolanlar,
Diňe ölenden soň, artyk söýülýär.

Ogulgözel bilen, Orazgül geldi,
Täze ýyly gutlap ýörler mazaly.
Bu adamlaň ýüreginde şagalaň,
Meň ýüregim ejemjanyň mazary.

03.01.24

© Ýazmyrat ÇÖRLI
Просмотров: 74 | Добавил: Ýazmyrat | Рейтинг: 2.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Arzuw_Umydow • 19:57, 10.01.2024
Duýgudaşlyk size, Ýazmyrat aga!
avatar

uCoz