MENU

13:13
Ejeme arzym


EJEME ARZYM

Kysmat bize salmaz sala,
Täze goşgy, köne yza,
Ne ynjalyk, ne-de maza,
Ne-de ýatyp bilýän eje.

Agtarar eken ýitiren,
Men indi nirä giderin?!
Köňlüň karar tapjak ýerin,
Gezýän tapyp bilmän eje.

Süýräp günleň golam-goşun,
Üç ony tegelär ýaşym,
Bir haýyrly işiň başyn,
Geçdim tutup bilmän eje.

Ömür — oýun. Alar-almaz,
Pikirlem kän bolar-bolmaz,
Kütek — syhar. Keser — almaz.
Içim ýanyp gülýän eje.

Senden başga bilmez içim,
Öz-özüme eýläp hüjüm,
Näçe öwrüm, şonça göçüm,
Geçdim utup bilmän eje.

© Ogulnur ATAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: kysmat | Теги: Ogulnur Ataýewa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Medicall • 13:38, 13.01.2024
Postda tekstiñ adyny reñklemek barada:

Reñklemeseñ saýtyñ düzgünine göra gowy bolardy, emma reñklenjek bolsa zenan awtorlara gülgüne, oglanlara ýaşyl bolsa dogry bolardy.

Bu goýýan gülgünäñiz ýiti, emma açygyrak ýagtyrak ýakymly gelişerdi
avatar

uCoz