MENU

23:41
Ejizlere awasyn! ...
EJIZLERE AWASYN!...

Egnin gysyp otyr ýalaňaç baglar,
Duýýan ýaly aýralygyň awusyn.
Senden ar alasy gelýän ykbalyň,
Ýeke çekmek kyn ekeni agysyn.

Gara ýeri bagra basyp, gör, näçe
ýaprak ýatyr, göýä bary aglaýar.
Meniň ýüregimde ýaşajak bolsaň,
Gözlerimde gözýaş görüp, agla ýar!

Yşkymyň jemalyn çaň basyp gitdi,
Gabaklaryn galdyranok -- öýkeli.
Ýürek paralanar, bir günden bir gün,
Güýze meňzäp gitse onuň heýkeli.

Elinde gamçysy, bu ýelleriňem
nämüçindir bar ýagysy ýapraklar.
Akylly adamdan erbetlik çykmaz,
Erbetligi eder diňe akmaklar.

...Ýapragyndan jyda düşen bu baglar,
Çeker otyr aýralygyň awusyn.
Hergiz ýowuzlygy bagyşlap bolmaz,
Bu ýüregim ejizlere awasyn!

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 72 | Добавил: Nurdаn | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz