MENU

23:40
"Golliwudyñ" gözeli Elizabet Teýlor

"GOLLIWUDYŇ" GÖZELI ELIZABET TEÝLOR

Elizabet ilkinji gezek 1942-nji ýylda, on ýaşyndaka «Her minutda bir adam dogulýar» atly  filmde surata düşýär. Şondan iki ýyl geçensoň,  ol «Milli mahmal» atly filmdäki keşbi bilen tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar. 1949-njy  ýylda oňa «Dildüwşük» atly filmde uly keşp
ynanýarlar. Tomaşaçylar birbada Elizabetiň  aktýorlyk ukybyna kembaha garapdyrlar. Ýöne
1951-nji ýylda Montgomeri Klift bilen surata  düşen «Güneşiň astyndaky orun» atly filmdäki
keşbi bilen ol tomaşaçylaryň pikirini düýbünden üýtgedýär. Bu film üçin «Oskar» almasa-da,
Elizabetiň bu baýraga ýetmegi üçin kän wagtyň galmandygyny, hatda iň bir şübheçil kino
bilermenleri-de boýun alýarlar. Şondan soňky surata düşen «Ägirt», «Gyzgyn üçekdäki pişik»,
«Geçen tomus, duýdansyz» ýaly filmlerde döreden keşpleri arkaly ol tomaşaçylaryň söýgüsini
ymykly gazanýar. «Geçen tomus, duýdansyz»  filmindäki keşbi üçin «Oskara-da» hödürlenýär.
Ol ilkinji «Oskaryny» «Batterfild, 8» filmindäki  keşbi üçin 1960-njy ýylda alýar.  Soň-soň Elizabet Teýloryň: «Men özümiň  meşhur bolmadyk wagtymy ýada salyp bi-
lemok» diýmegi ýöne ýerden däl. Sebäbi ol  tä ömrüniň ahyryna çenli žurnalistleriň, kino we teatr bilermenleriniň, tomaşaçylaryň üns merkezinde bolýar.
Özüniň iň bir meşhur keşpleriniň birini döreden «Kleopatra» atly filmde surata düşmäge Elizabet birbada razylyk bermändir.
Hatda filmi döredijiler Kleopatranyň keşbine başga aktrisany çagyrmakçy hem bolýarlar. Ýöne Elizabet ahyrky pursatda pikirini üýtgedýär. Şeýlelikde, ol bu filmdäki keşbi üçin arzyly «Oskaryna» eýe bolýar. Film dört sany «Oskar» alýar.
Elizabet Teýloryň surata düşen iň soňky filmi 2001-nji ýylda ekranlara çykan «Amerikaly
garry ýabylar» atly lentadyr. Ömrüniň soňky on ýylynda surata düşmese-de, kino bolan söýgüsi ony bir pursatlygam terk etmeýär.
Gözelligi bilen onlarça ýyllaryň dowamynda kino älemine şugla saçan Elizabet Teýlor 2011-nji ýylyň 23-nji martynda Los-Anželesde dünýäden ötýär.

Taýýarlan: © Selbi INERGELDIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň talyby.

"Edebiýat we sungat" gazeti 24.02.2023
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 75 | Добавил: Medicall | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 5
avatar
1
1 Мango • 00:48, 28.02.2023
hany adalat? hany deňlik?
hanymlaň ýazgylary gülgüneje, galyňja.
daýylaň ýazanlaram solgunja we garaja? :-)
avatar
1
2 Мango • 00:55, 28.02.2023
Elizabet gelneje "Kleopatradan" million dollar gazanan eken.
avatar
0
3 Medicall • 01:17, 28.02.2023
Wii, şo daýylara näme reñk gelşirjegimi bilmän durdym:-) gowusy deñiz reñk paýlaýyn daýylamyza :)
avatar
0
4 Medicall • 02:26, 28.02.2023
Daýyla reñklerini halarlamyka, bolmoso goñurja (bugday reñkje) halasalar aýdybersinler çekinmän:-)
avatar
0
5 Medicall • 11:05, 28.02.2023
şol roly almadyk bolsa tasdan Eliza - bet genje oskorsyz galjakdan ekeni, pikirini üýtgedeni bähbidine çekipdir)
avatar

uCoz