MENU

01:52
Enem!
ENEM!

Geldim pelekden derdiñe,
Ýeriñden gopsana,enem!
Ýa meniñ işbu derdime,
Dogalar tapsana,enem!

Ýšga aýagmy duşadyp,
Ykdym gül õmri uşadyp,
Hany,gõk donuñ üšedim
Üstümi ýapsana,enem!

Dostlam gõge zyñyp herýan,
Eñdiler, agladym girýan,
indi ýere gaçyp barýan,
Gel,ýetiş,gapsana,enem.

Ýersiz howsaladan gurap,
ynjama,gõzleriñ gurar,
Meni Hak ugruna ugran
Kerwene sapsana,enem!

Meñ Arša galmak hõwesim,
Saklama gideýin basym,
Mañlaýym gara bolmasyn,
Alnymdan õpsene,enem!

© Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 100 | Добавил: Medicall | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 12:49, 19.08.2024
gowy goşgy.

"Meni Hak ugruna ugran
Kerwene sapsana, enem!"

gowy setirler, ýöne aklyň goýalyşandan soň Kerwenlere baglanyp ýol aşmagy özüň saýlamaly, öz erkiň bilen.
Hz. Ali ýada düşdi – ilkinji yslama giren çaga.
Pygamberimiz oňa eneň-ataň bilen maslahatlaş diýende, gidip ertesi gün gelýär we: karary özüm berdim, enem-atamdan soramadym -diýen ýaly jogap berýär.
umuman... gowy goşgy.
avatar

uCoz