MENU

08:51
Enemiň aýdanlaryndan
ENEMIŇ AÝDANLARYNDAN

Her adamyň ömri bir kitap ýaly,
Gat-gat sahypadan açylýa durýa.
Her gat sahypany öwürip dursam,
Geçen günlerimi ýadyma salýa.

Seredip otursam ynsanyň ömri,
Bir kitab-a ýazarçarak ýaly-la.
Kitabymyň gatlaryny agdarsam,
Şat-gaýgyly günler geçen ýaly-la.

Şat-gaýgyly günler geçse-de başdan,
Ýene-de, ýene-de geçmeli bolar.
Öň agdaran gatlarymyň yzyndan,
Täze sahypalar açmaly bolar.

Amandursun TAÝLAKOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Parahat6499 | Теги: Amandursun Taýlakowa | Рейтинг: 4.2/4
Всего комментариев: 2
avatar
1
1 Мango • 11:50, 27.06.2023
1. adyny okap "eneň aýdanlarydygyny" aňşyraýmasak, goşgyň içinde eneň aýdanlary bildirenok.

2.
Her adamyň ömri bir kitap ýaly,
Gat-gat sahypadan açylýa durýa.
Her gat sahypany öwürip dursam,
Geçen günlerimi ýadyma salýa.


adam ömrüni kitaba (kitap sahypalaryna) meňzedýäň.
onda, "her gat sahypany öwüreňde - geçen günleriň ýadyňa düşmezmikä" diýýän. ýadyňa düşürmek üçin geçen sahypalaryňy agdarmaly. ýa-da "sahypany öwrüşiň" ugruny görkezmeli, öňemi ýa yza...

3. gaýtalanmalar barada:
kitap -3 gezek
gat - 4 gezek
sahypa - 3 gezek

aşakdaky gaýtalanmalar peýdaňa däl.

Kitabymyň gatlaryny agdarsam,
Şat-gaýgyly günler geçen ýaly-la.

Şat-gaýgyly günler geçse-de başdan,
Ýene-de, ýene-de geçmeli bolar.

Şat-gaýgyly günler - Şat-gaýgyly günler
geçen - geçse-de - geçmeli
ýene-de - ýene-de

Amandursun hanyma üstünlikler.
avatar
0
2 Parahat6499 • 11:57, 27.06.2023
Mango daýy bellikleriňize sag boluň!
Goşgyda gaýtalamalaryň kän bolmagynyň sebäbi:bu Amandursunyň iň ilkinji goşgularynyň biri. Nesip bolsa goşgyň abyny-tabyny alsa düzeder.
Gelejekde Amandursun has gowy goşgular bilen bizi begendirer diýip garaşýan.
avatar

uCoz