MENU

18:21
Erbetleriň şanyna doga okaýan molla hakynda hekaýat
ERBETLERIŇ ŞANYNA DOGA OKAÝAN MOLLA HAKYNDA HEKAÝAT

Gadym bir zamanda mollalaň biri:
«Ýaramaz gylykly adamlaň bary –

Aýalbaz, ogrular, talaňçy, kezzap...
Bu pany jahanda çekmesin azap.

Dert-belalar sowlup geçsin olardan!»
Diýip, Alla ýalbarýarmyş münberden.

Goşup baryn gowularyň sanyna,
Doga okarmyşyn olaň şanyna.

«Olar mynasyp däl alkyşa, sena,
Hersiniň boýnunda dag ýaly günä.

Bu etmäň bolanok» diýenlerinde,
Molla aýdan: «Meňem aklym ýerinde.

Sizmi maňa akyl, terbiýe berjek?
Ýurt ýykan kezzapdym özümem birçak.

Ömrümiň kän ýylyn şemala berdim,
Şumluk tapsa −içi gülýänlerdendim.

Meň toba gelmegme sebäpkär bolan
Dogrymy sözlesem, siz däl-de, olar.

Ýigrenji işlerini näletläp, pisläp,
Päk ýola düşmegi göwnümde besläp,

Olaryň bolşuny çyndan ýigrendim,
Şeýdip, adam bolmaň ýolun öwrendim».

Käte duşmanmyzyň hereketleri
Bize has peýdaly, gelende ýeri!

Jelaleddin RUMY
Категория: Goşgular | Просмотров: 98 | Добавил: Atsyzatly | Теги: Jelaleddin Rumy | Рейтинг: 5.0/5
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 sussupessimist • 19:54, 14.12.2023
Terjime eden kimkä? Bir wagtlar Kakabay Gurbanmyradyň terjimelerinde gabat gelipdim.
avatar
0
2 Atsyzatly • 22:03, 14.12.2023
2007-nji ýylda "Miras" medeni merkezi tarapyndan taýýarlanan Jelaleddin Rumynyň "Meni kalbyňyzdan gözläň" kitabyndan. Aýratyn terjime edenleriň ady ýazylmandyr, ýöne kitabyň soňunda Kakabaý Gurbanmyradowyň "Ruhum äleme ýaýrar" atly makalasy bar eken. Belki, terjime edenem özüdir.
avatar

uCoz