MENU

17:52
Ertekiniñ gahrymany bolaryn, Hem erkin bolar, özümi duýşum...
ERTEKINIŇ GAHRYMANY BOLARYN..

Ýaşyl başmy,
Gara başmy?
Bilmedim.
Bendi edip, gussa doly ummana,
Gidip bilmän garabasýan dünýeden,
Mejbur men...
Men mejbur boldum dymmaga...

Dünýä - zyndan,
Gussam - jeza ömrüme,
Daşyma çekilgi serhet zolagy.
Ganatym gyryldy.
Erkin däl erkim,
Rugsat ýok uçmaga,
Erkin gonara.

Wah, Arman! Wah...
Mende rowgat galmady...
Bolanda-da zynjyrlandy zyndana,
Allam!
Maña,
Gudratyñy peşgeş ber!
Ynsabyny gaýdyp berjek bendäñe...

... Ele alagada dünýäñ kartasyn,
Ýyrtyp-ýyrtyp täzedandan düzlesem,
Akylyndan jyda düşenleri men,
Nadanlyga serhet berip gizlesem...

Ýok, onda-da çykalgasy bolanok,
Çäklendirip bilemok men hiç zady.
Ýitirýärin, elimden zat gelenok.
Başaryp bilemok bolaýjak zady.

Görnüşe görä-hä ähli zat añsat,
Ýa-da meni göýberenok, gussalam.
Garyşyp içinde ham-hyýal bolup,
Tapamok, gözlänim, yhlas etsemem.

Gözleýänim näme?
Onam unutdym,
Näme ol?
Oýuma gelenok herhal...
Iki elimi hem başyma goýup,
Pikirleñ jümmüşinde sergezdan...

... haçan oýanaryn, oýa bolaryn,
Gözlerimi açyp, terk edip düýşim.
Maksat-myradyma gowşaryn belkem,
Ertekiniñ gahrymany bolaryn,
Hem erkin bolar, özümi duýşum...

© Remezan MÄMETGURBANOW
Прикрепления: Картинка 1
Категория: Goşgular | Просмотров: 88 | Добавил: Kyyas | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 7
avatar
0
1 Мango • 23:42, 13.03.2023
Remezan kaka. tüweleme, ösüş bar.
üstünlikler!

***
"dymmana..."
aslynda "dymmana" diýilenok, "dymmaga" bolýa dogrusy.

"Dünýä-zyndan"
şular ýaly ýerde-de gysga "-" ýerine uzynrak "–" goýulýar.
ýagny, "Dünýä-zyndan" däl-de "Dünýä – zyndan"
ýalňyşmasam arasynam "–" açmaly.
bular bilip goýaýmalyja zatlar.
peýdasy bolar diýip aýtýon.
avatar
0
2 Kyyas • 23:49, 13.03.2023
Minnetdar! Dogrusy saýtlarda tanyşan agzalaryñ hemmesine minnetdar! Şolaryñ kömegi, teswirleriniñ kömegi bilen birazajygam bolsa täsirini ýetirdi.))
avatar
0
3 Мango • 00:06, 14.03.2023
sorag: "Ganatym gyryldy. Erkin däl erkim" - diýeňde ganatyň gyrylanyny duýup diýýäňmi, ol gyryk ganatlylygy ýaşap görüp diýýäňmi, ýa ýöne bir öýkünme bilen diýýäňmi?
soraga dogry düşün. diňe bilmek isleýän.
avatar
0
4 Kyyas • 01:18, 14.03.2023
Ganaty gyryklyk ýaşap diýýän. Kynçylyk başymdan multifilimlerdäki guşlar ýaly aýlanyp dur... Günde aladany ýatlap öz ýolumy gömüp çykalgasyz halda nalaçedeýin bolup barýan. Edeniñe ökünmeli dälem welin. Ýakynlarymyñ maslahaty bilen işimem taşladym. Mundan artyk aýtsam bolsa, hamana özümi nebsiagyryjy görkezen ýaly bolaryn. Garaz durmuşdan çeken kynçylyklarym
avatar
0
5 Kyyas • 01:20, 14.03.2023
Minnetdar meniñ şiwämde düşündireniñize ))
avatar
0
6 ibrahimbadakhshan • 02:43, 14.03.2023
Gowy goşgy bolup biljek, şahyrana duýgy hem dünýä garaýyşy bar, arman käbir ýerleri çigräk duýulýar. Şu ugruňyz bilen ýazyberseňiz, okyjylar sizden hasam gowurak eserlere garaşyp biler! Gaýrat ediň!
avatar
0
7 Kyyas • 11:40, 14.03.2023
Minnetdar! Tankyt bellikleriñiz bolsa açyk ýazyñ, meniñ üçin uly sapak bolýa
avatar

uCoz