MENU

16:55
Esger boljak şahyra

Haýry näme aýdylmadyk sözleriň,
Ahyr - soň-da adam için dökmel-ä!
Şonuň üçin şygyr ýazýan sen hakda,
Käbir sözler menziline ýetmel-ä!

Bir azajyk çekinjeňräk diýmeseň,
Ýogsa sözler göwünlere azyk-la.
Pespäl hemem sada göwnüň bardygny.
Bir wagtlar sertirleňden aňdym-la.

,,Degişdim-le" diýen bolup käteler,
Ýogam-a däl ýalanjykdan gülmäňem.
Belki meniň göwnümedir bilmedim,
Soňky wagt köpeldi maňa degmäňem.

Bilýäň-ä sen, hopuganyňda munda
Ýetişýänler galam bilen depder-ä!
Ganatlaryn galgatmany uçýar ol,
Özüň belet wagt atly kepderä

Täze bir sahypa açylar nesip,
Çünki borjuň, Kasam kabul etmeli.
Bilýän şonda galkynjagny ruhuň
Bolaňda Watanyň şahyr esgeri!

23:18
06.06.2023

© Enemähri GUWANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 104 | Добавил: Garlawac | Теги: Enemähri Guwanowa | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Kyyas • 19:10, 26.11.2023
Biraz gowşak jemlenipdir, erbet goşgy däl. Haladym
avatar
0
2 Medicall • 20:28, 26.11.2023
Sagdyn, nepis goşgy! 5-ýyldyz!
Esger ýigidem sag aman dolansyn ojagyna, ýurdumyz abadan, dünýeler parahat bolsun!
avatar
0
3 Garlawac • 00:19, 27.11.2023
Sagboluň:))
avatar
1
4 Garlawac • 00:20, 27.11.2023
Aýdanyňyz gelsin, Nurdan uýam!
avatar

uCoz