MENU

20:06
Eziz enem

Eziz enem

Dogdum janyňdan jan alyp,
Seniň ganyňdan gan alyp.
Agynyp süýdüňi emdim,
Karar etmän sallançakda
Gijeler ukyňdan kemdim.
Eziz enem.

Ýene sendiň ideg eden,
Hakym barmy, ýokmy bilmen -
Ýetişsem-de ömrüňden ömür alyp,
Göwnüňden göwün alyp,
Şowlulyk getirmedik gül men.
Enem.

Ýene sen -
Haýpy gelen, apalan.
Ine, men -
Hatasy agdyk balaň.

Bu dünýä getirenem sensiň,
Bu güne ýetirenem seniň.
Bir kemsiz enelik borjun,
Ýerine ýetirenem seniň.
Ýöne gyzyň bu durmuşyň,
Boýun egmän akymyna
Çöpläbilen hatalaryn çöpledi.
Bak, ine.

Ah, ene, jahanda ýalňyz görküňe,
Haýran men-ä edebiňe, erkiňe.
Gyzyň bolsa janyňdan jan alsa-da,
Ganyňdan gan alsa-da,
Alsa-da ömrüňden ömür,
Kemse-de göwnüňden göwün,
Meňzemedi hiç kime.
Eziz enem.

Ýöne sen -
Haýpy gelen, apalan.
Ýene men -
Hatasy agdyk balaň.

© Suraý Amanakowa
Категория: Goşgular | Просмотров: 116 | Добавил: Zenan8609 | Теги: Suraý Amanakowa | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 15:13, 19.12.2024
gaýtalamasa has gowy boljak eken ýaly...

Dogdum janyňdan jan alyp,
Seniň ganyňdan gan alyp.
...

Gyzyň bolsa janyňdan jan alsa-da,
Ganyňdan gan alsa-da,

***

Ýetişsem-de ömrüňden ömür alyp,
Göwnüňden göwün alyp,
...

Alsa-da ömrüňden ömür,
Kemse-de göwnüňden göwün,

-----------------------------

Ýene sen -
Haýpy gelen, apalan.
Ine, men -
Hatasy agdyk balaň.
...

Ýöne sen -
Haýpy gelen, apalan.
Ýene men -
Hatasy agdyk balaň.

...
Çöpläbilen hatalaryn çöpledi.

hatasyny gaýta-gaýta agzaýar....

---
Suraý hanyma üstünlikler.
avatar
0
2 Zenan8609 • 20:34, 21.12.2024
Dogry bellik üçin minnetdar. Şeýle kemçilikleriň aýdylmagy maňa iň gerekli zat.
avatar

uCoz