MENU

00:51
Galamdaşlaryma
GALAMDAŞLARYMA

Özüňiz hakynda kiçi gürlemäň,
ýöne, geregem ýok, döşe kakmagyň.
Biz hakda özlerniň garaýşy bardyr,
akyllyň
hem
akmagyň.

Arasynda bu düşnüksiz adamlaň,
döredip bolýarka düşnükli şygyr.
«Öz gadryny özi bilmez adamdan...»
bolmaň siz,
eger ol düşse-de agyr.

Gowy-gowy goşgy ýazyň,
oňarsaň,
hyjuwy, yhlasy boş söze bermäň.
Öz ölçeg çöpleri bilen ölçäp,
soň onsoň,
tapylar, biz hakda, tapylar gürlän.
Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 3.0/2
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz