MENU

22:27
Gar

GAR

Asmanyň ahy deý dökülip duran gar,
Meniňem kalbymy öz kalbyňa gar!

Oňmaýyn bagrymy bagryňa oýkap,
Doýmaýyn durkuňdan başymy ýaýkap!

Süňňum bilen seň süňňüňe siňeýin,
Soň sil bolup gaýalardan ineýin!

Humar edýän şerabyňdan içeýin,
Şony berseň, bar arzuwdan geçeýin!

Ýuwaýyn seň bilen ähli hasratym,
Baglap ykbalyňa ykbalym, bagtym!

Ýaýnaýyn: gündizler — müň dürli öwsüp,
Gijeler — tümlügiň bagryny böwsüp!

© Çary ATAÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Çary5306 | Теги: Çary Ataýew | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 sussupessimist • 09:04, 03.02.2024
Bäh, gary gaty gowy görýän ekeniňiz-ow. Ýeri gelende, Orhan Pamugyň "Gar" atly romanynam reklama edip galaýyn. Baş gahrymany şahyr, ýöne romanda ýekeje goşgy ýok, emma poeziýa bar. Güýçli roman.
avatar
0
2 Мango • 14:52, 03.02.2024
Asmanyň ahy deý dökülip duran gar,
Meniňem kalbymy öz kalbyňa gar!

edil ýaňja "Şeýlebir garýagdylardan" geldim welin bärdäki "Asmanyň ahy" olarda-da bar eken.
(Ak pamyklar Arşy-Asman ahymy? Gussa siňen aýdymymy garybyň?)

---
Süňňum bilen seň süňňüňe siňeýin,

owadan setirdäki owadan myňňyllyly "ň"-lar.
setiriň sesi eşdilip gitdi.
sesli setirler.
avatar
0
3 Seýrаn • 20:11, 03.02.2024
Gar goşgy ýazylmasy iň aňsat mowzuk. Her kim duýgusyny arkaýyn beýan edýär.
avatar
0
4 Мango • 20:18, 03.02.2024
teswir 3-e.
bir wagtlar "gar"-ly prikollar ýazanym ýada düşdi gadym saýtlaň birinde...
mysal:
ýagýar akja gar,
kelle üşeýär.

ýene biri şol ýyllardaky (gyşda) tähranda bolan demonstrasiýalara bagyşlanypdy:
ýagýar akja gar,
tähran gara-gan.

garaz... ýagýar akja gar... yzynam süssüribermeli :-)
aý, könäň sesini ýatlatdyňaý Ses daýy. :-)
avatar

uCoz