MENU

18:46
Gar...
GAR...

Gar bilen örtülen jaýlaň üçegi,
Indiripdir ýylahyryň perdesin.
Gyş-ýyllaryň aýgytlaýjy müçesi,
Hem täze ýyllaryň çakylyk sesi.

Kejir ýapraklary merdem çynaryň,
Aýasynda saklap agramyn garyň,
Şahasyndan tänmän inkär edip dur
Ähli aýralygyn bütin ýer şaryň.

Garda täzelenýär dünýäň lybasy,
Paýhas kimin höküm sürýär ümsümlik.
Syýahata çykyp göwün telwasy
Gaý-tupan turuzýar aňdaky çuňluk.

Gardan soň tebigat köşeşýär esli,
Hatda Güneş çykýar ýylgyryp sähel.
...Belki tebigat deý,ýeňlärdi ýüküm
Saňa derdim aýdan bolsam bir mahal.

© Meñli Aşyrowa

Arhiwden
Категория: Goşgular | Просмотров: 80 | Добавил: Pero | Теги: Meñli Aşyrowa | Рейтинг: 1.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Arzuw_Umydow • 20:03, 16.02.2024
3-nji bentdäki gapma-garşylyk ahyrky bendiñ ahyrky sözlemi bilen başdaky aýdylanlary baglanyşdyrmandyr.
avatar
0
2 derwushhana • 01:10, 17.02.2024
Kejir ýapraklary merdem çynaryň,
Aýasynda saklap agramyn garyň,
Şahasyndan tänmän inkär edip dur
Ähli aýralygyn bütin ýer şaryň. +++
avatar

uCoz