MENU

18:58
Gar ýaganda
GAR ÝAGANDA

Ýene ýylgyryp ýagan gar,
Giň dünýäni bezär gider.
Beýnide doňan pikirler,
Gar ýaganda erär gider.

Boýap günleri ak reňke,
Göwünleri gülleden gar,
Çawuş çakar:,,Ýar ýanyndan
gitme,aý,gyz,gül beden,gal!"

Şonda seň gar deý päk yşkyň,
Girer duýgymyň düýşüne.
Ýok, bizi yssy günler däl,
Bu garly günler duşurar.

Ak atyn atlanyp ylham,
,,Şygyr ýaz!" diýp,hyjuw berer.
Kagyza sygmadyk goşgym,
Ak gara ýazaryn meger.

Ýazaryn ýadaman ýalňyz,
Dyňzap gelen setirlerim.
Görelde alyp, ak gardan,
Göwne gara getirmerin.

Gözel, görkli, goja gyşda,
Ýerde Hakyň nurun görsem,
Ne ajap, şu güni synlap,
Geçeni geçmişe gömsem.

...Ötegçi ömri süýt bilip,
Yşky gördüm gaýmagynda.
Şeýdip, täze şygyr dörär,
Gözel bolup, gar ýaganda.

9.01.2023ý.
Nury SAKÇYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Sakçy | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 4.5/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 22:24, 09.01.2023
pikirler dagynykmy?
bir zatlar diýjek bolup, hiç zat diýmedik ýaly...
belki-de men düşünen däldirin.
avatar

uCoz