MENU

15:35
Duşuşmarys
DUŞUŞMARYS

Gezip ýörüs bir-birimiz ýat saýyp,
Ýöne ökünmändim men seni söýüp.
Her ýyl bahar geler, begresin geýnip,
Bägüller duşuşar, biz duşuşmarys.

Ýyllar geçer ýüwrük ýelkenler bilen,
Elim ýetmez saçyň tolkunlaryna.
Tolkunlaryn goşup tolkunlaryna,
Derýalar duşuşar, biz duşuşmarys.

Bu gün maňa gara göründi Aýam,
Bilýän, ýaşlyk uçar ganatyn ýaýyp,
Alysda bir ýerde, asmanda gaýyp,
Arzuwlar duşuşar, biz duşuşmarys.

Çyn aşyk däl, söýenine ökünen,
Bu derdi seň üçin kimler çekişer?!
Agşamara Gün Ýer bilen öpüşer —
Älemler duşuşar, biz duşuşmarys.

Çeşmesi: https://www.br.com.tm/sections/5/3820. 19.02.2023ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 76 | Добавил: Bagabat | Теги: Döwlet Orazsähedow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 23:14, 19.02.2023
gowja goşgy eken.

Agşamara Gün Ýer bilen öpüşer
Älemler duşuşar, biz duşuşmarys.

hernä Gün bilen Ýeriň öpüşmesi gözüň ilýuziýasy.
Gün bilen Ýer hakykatdanam duşuşaýsa-ha welin... işimiz gaýdýa...
avatar

uCoz