MENU

09:27
Deleted
Deleted
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 71 | Добавил: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 3
avatar
1
1 Мango • 00:13, 21.02.2023
puluny sazak ýyganda gaçyrandyr şo...
“Pul tapdym, ýöne gumda gaçyrypdyryn” diýip näçe ynandyrjak bolsa-da ynanmaz olam.
osoň ýüz prasent belli, ony wurmaly bolýa.
näili bollaý bi dünýe?
avatar
1
2 Мango • 09:17, 21.02.2023
Ulagy düşürip bolansoňlar, Çiş wagona gidip geldi:
-“Odunym baýady. Töňňe getirip beriň” diýýä. Dogrudanam lokgasy bilen kapriz-aý, şü-ýä, dos,-diýip gaharly tüýkürinjeredi.

pikir edýän welin, ol wagondan çykmaýan tasaýan, kapriznyý çopanyň "odunym gutardy" diýýäni başga zat bolaýmasyn.
tüssäm gutardy, çilimim, nasym gutardy, şiräm gutardy... diýip azarlap oturanyň biri bolmasyn?
avatar
0
3 Bagabat • 09:44, 21.02.2023
Okkamalynjy çamalak

Ýarygijeden soň içi towlap turan Çymmyllyk hajathana barýardy. Birdenem aýagujyň garaňkylygynda nämedir bir zat gorkunç “hossuldady”.
“Aždarha!”.
Oslagsyzlykdan ýaňa Çymmyllygyň depe saçy syh-syh boldy.
Eger-walla gorkusyna aýaklary saňgaty bolup, ýere çüýlenene dönmedik bolsa, wägirip, yzyna garşy ökjäni göterýärdi.
Onýança ýaňky “hossuldy” ýene-de bir gezek gaýtalandy welin, Çymmyllyk bada-bat düşündi: “Sygyr eken-laý!”.
Ol köşeşdi. Süňňi goram-gowşap, endamyna der indi.
Şol müddetem tümlükde “hossuldaýan” jandar bärisine bakdy weli, onuň pyýala deý äpet gözleri gögümtil lowurdy bilen ýandy.
“Melgun!” diýen pikir aňynda jaslanda, elheder alandygy zerarly içiniň towlaýanam huşundan uçan Çymmyllyk tas balagyna meýdan edýärdi.
“Sygr-ow bi, dosty, sygyr!” diýip, iç ýüzünden öz-özüni pitiklän Çymmyllygyň kellesi, ýaňsylyja kikirdedi: “Okkamaly Willi zynharlap ötüpdir-ä: “Barlyklary gereginden artyk artdyrma!” diýip! Artdyrmaý-da-hou! Soň ýene-de nemedýänem özüň-ä-ou!”.
avatar

uCoz