MENU

14:22
Garry gyzyň yrlyşy
GARRY GYZYŇ YRLYŞY

Meň başymy aýlap biljek sözi tap,
Sowgady tap, kabul etmän bilmäýin.
«Men — garry hoz» diýenimde bilýämiň,
Sen ýylgyryp dymdyň...

Dostlarym kän, internetde tanyşan,
Jaň edýärler, gürleşýärin daňa çen.
Senem ýöne gezen dälsiň maňa çen.
Sen ýylgyryp dymdyň...

Joralam bar, özüm ýaly owadan,
Tanyş edeýin, ýetik olaň sowadam.
Tanyşjakmy?! Şäherdenmi?! Obadan?!
Sen ýylgyryp dymdyň...

Aýlyk aldym, ertir saçym boýatjak.
Telefona pul salmaly bolaýsam,
Işe gitjek,
11-den öň oýansam...
Sen ýylgyryp dymdyň...

Içim ýanýar, iki täze köýnegmem,
Tikinçimiň birigüne goýanna,
Seň tikinçi bolaýşyňy, waý, Alla!
Sen ýylgyryp dymdyň...

Öý süpürsem, täze sübse döwülýär,
Nahar etsem, dyrnaklarym döwülýä.
Edibersin, ejesinden öwülýän.
Sen ýylgyryp dymdyň...

«Samsyk bolma, illere bak, bir oýlan!
Tapyn-da mugallym gyz, şoňa-da öýlen.
Aýlygy 5 million, 200 dollar”
Diýdimi biri?!
Sen ýylgyryp dymdyň...

Şindem durmuň, şu zatlary eşdibem,
Şundan soň-a çekmeýärem keşdiňem.
Durup, durup, wägirjeg-ä dälsiň-dä?!
Sen ýylgyryp dymdyň, şeýdibem yrdyň.

16.11.2007ý.

Salgy

Mümkin meni gözleň bilen gözleýänsiň sen?!
Mümkin diliň bilen?!.
Sesiň bilen tapjak bolýansyň belki?!
Mümkin eliň sermeýändir köp ýeri...
Köpleri...
...Men
gulaklar bilen gözläp tapylýan..

31.03.2010ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 126 | Добавил: Bagabat | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 4
avatar
0
1 Bagabat • 14:26, 23.01.2023
Surat Durdy Baýramowyň eseri.
avatar
0
2 Bagabat • 14:35, 23.01.2023
Öňem bir oglanjyk ejesinden soraýarmyş:
-Eje, seni kakam nirden tapd-aý?!
-Wa-a-h jan oglum, oň meni nirden tapandygyn-a bilemok. Ýöne şumatkysyndan beter gürlemänjik, dymyp dur-y-y-ýp içjagazymy ýakypjyklar aldy-da men görgülini!
-«Gürläýin» diýlende ýeke agyz geplemäge maý bermeseň näm-aý?!-diýip goňşy otagda olaň gürrüňini diňläp ýatan kakasy hüňürdeýämiş :-).
avatar
0
3 Мango • 21:33, 23.01.2023
..mugallym gyz ...aýlygy 5 million, 200 dollar.
diýmek, 2007-nji ýylda mugallym gyzlar gowja ýaşaýan ekenler.
===
Aýlyk aldym, ertir saçym boýatjak.
Telefona pul salmaly bolaýsam,
Işe gitjek,
11-den öň oýansam...
Sen ýylgyryp dymdyň...

ýokarda gelen "bolaýsam" sözi "oýansam" sözi üçin zordan gaýrat edip duran ýaly.
===
ýylgyrmak - köp meseläni çözýän eken-dä onda.
gowy goşgy, diri goşgy.
* internetde daňa çen gürleşýänligi;
* "Senem (dek) gezen dälsiň-(le) maňa çen" diýip soramagy;
* "Joralam bilen tanyş edeýinmi? Tanyşjakmy?" diýmegi;
* Aýlyk alyp, saçyny boýamagy, telefona pul salmagy;
* Iki sany köýnegini tikimçiň diýen wagtyna ýetişdirmänligi...
garaz, durşy bilen durmuş.
näme diýse ýylgyryp durany iňsoňunda "wägirirdip" bilmedi...
ýylgyryp dymdy,
şeýdibem yrdy.
ertekiň soňy gowulyk bilen tamamlandy.
soňam gowy bolsun-da.
hemme zady ýylgyryb-a çözüp bolmaz ýöne...
avatar
0
4 Мango • 21:55, 23.01.2023
Gözlenilýän gyzyň tapylyşy

Bir gyz ýitipdir.
"Men taparyn" diýip Göz gözläpdir, gözläpdir...
gözüne zat görünmändir.
gözläp-gözläp gözi çaşarypdyr.

"Men taparyn" diýip Dil dillenipdir,
ol hem gözläpdir, gözläpdir, nirden diýipdirin diýip dilini dişläpdir.

"Men taparyn" diýip Ses seslenipdir,
ol hem gözläpdir, gözläpdir, tapman sus bolupdyr, sem bolupdyr.

"Men taparyn" diýip El elini galdyrypdyr,
El sermäpdir, sermäpdir...
baryny boşuna sermäpdir,
sermänini tapmandyr.

Birden, Gulak gulagyny gabardyp
durup-durup gygyrypdyr:
Eşdýän!
Eşdýän ony!
Tapaýdym öýdýän ýitigimizi!...
avatar

uCoz