MENU

07:52
Garynja bilen ary /basnýa
GARYNJA BILEN ARY

Baharyň güneşli günleriniň bir güni,
Garynja köne dosty—balara duşup,
Diýenmiş: “Güzeranymy görmek gözgyny.
Gidip hem bilemok bir ýana göçüp.

Gün dogandan, tä gün ýaşýança,
Ýer dyrnap geçýän, men aç-suwsyz.
Ýedi gezek durýan öýe ýetinçäm—
Soňky günler saglygymam ugursyz.

Ynha, sen welin ganatyň kakyp,
Uçyp, gidip bilýäň her ýana.
Dürli gülleň müşkin synaňa sepip,
Oýanaýarsyň, ýaýanaýarsyň erkana.”

“Oýnamak ne, ýaýnamak ne, şepe jan!”
Wyzzyldanmyş, ary biraz gaýgyly—
“Hars urýan, ýetişemok—örän işim kän,
Şonda-da, berýän ýok ýeke şaýlygy.

Ganatlaryň ýoklugyna begen dost!
Şükür et, gyrmyldaber astadan-asta.
Gerekmidi öz-özüňe etmek kast?
Ganat çyksa borç köpeler üç esse.”

22 mart 2016 ýyl

© Kakajan BALKANOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 144 | Добавил: Балканов | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 5.0/1
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Мango • 16:17, 07.05.2023
Garynja:
Gün dogandan, tä gün ýaşýança,
Ýer dyrnap geçýän, men aç-suwsyz.

Ýer dyrnamak diýlende daýhançylyk ýada düşýär.
Garynjalara zat daşa diýseň…. (daýhançylyga höwesleri ýok).

Balary:
“Hars urýan, ýetişemok—örän işim kän,
Şonda-da, berýän ýok ýeke şaýlygy.

Diýmek, balaram şaýa tamakin eken…
avatar

uCoz