MENU

00:54
Gaýdyp geliş
GAÝDYP GELIŞ

«Gaýdyp geldim men şu bahar»,
Heniz bar eken sanaglym.
Ýene pyntyk ýardy nahal,
Soňa goýuldy janalgy.

Garaşylanlar «garaşdy»,
Aň bilen göwün ýaraşdy,
(düýşde dünýäme oraşdy,
Degrämi ownuk mar aldy.)

Dert geleninde azaşyp,
Bahyl begendi azajyk.
Göwnüm, gyş geçdi.
Ýaza çyk,
Togsan dolup, Ýer jan aldy.

Berzeňňi. Hasssahana. Men.
Martyň 10-y.
Gar.
Geňmi?
Geň.
Sowgatdyr Garly ogluna
Aşgabady ak gar aldy.

Ömür ýene gujak açdy,
Ynha bolan zatlar uşbu:
Geçmesi kyn günler geçdi,
Dertler bir burça gabaldy.

«Aňla diýildi — nirdesiň?»,
«Dost» sabr etdi, ýat idedi,
Nurlandy ýaryň didesi,
Kimsäniň kalbyn taň aldy.

Ýene pyntyk ýardy nahal,
Soňa goýuldy janalgy.
Gaýdyp geldim men şu bahar,
Heniz bar eken sanaglym.
Категория: Goşgular | Просмотров: 50 | Добавил: Medicall | Теги: Aşyrmät Garly | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz