MENU

22:58
Gaýratly adam

Gaýrat göwrä bagly bolmaýar eken,
Bagly däl ekeni boý berenine.
Pil deý kişi hötde gelmeýär eken,
Käte kiçi kişiñ eýgerenine.

Bir dostum bar, boýy beýle uly däl,
Emma başyndaky pähimi uly.
Öwrenip bilmeklik ukyby uly,
Ýagşy zady söýüp,
Ýaramaz zady
Ýigrenip bilmeklik ukyby uly.
"Özün bilen adam weli!" diýýärler;
Diýmek ol weli!

Kimdigine ýetiripdir gözüni,
Bilýär adam ýaşamaýar ebedi.
Hem agaç hem bagban saýýar özüni,
Gyrkýar bolsa gylygynyñ erbedi.

Timarlaýar gowy häsiýetini,
Artykmaç şahadan özün saplaýar.
Kynçylyklar ony döwüp bilenok,
Gaýtyp taplaýar.

Ýazyjy ol.
Ýazdy ençeme eser.
Hak tarapyn zehin, dury ser bilen.
Her ýazan eseri söweşjeñ esger,
Ýüzbe-ýüz garpyşýar galplyk-şer bilen.

Ýere ýakyn - poslatmaýar pilinem,
Gydyrdanypjyk ýör ol melleginde.
Arasy juda saz sport bilenem,
Woleýbol oýnaýar eli degende.

On adamlyk iş etse-de bir özi,
Eşidemok diýenini "Ýadaýan!".
Haçan görseñ, uçganaklap dur gözi,
Degşer-gülşer,
Çaga ýaly şadyýan.

Gujur-gaýratynyñ ýok çägi-çeni
Halypam ol erjelligi öwreden.
...Uly hasyl almak mümkin ekeni,
Gowy bagban bolsañ,
Kiçi göwreden.

Hemra Şirow
Категория: Goşgular | Просмотров: 84 | Добавил: Lacrymosa | Теги: Hemra Şirow | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Lacrymosa • 23:00, 06.01.2024
Hudožnik we animator Möjek Çaryýewiň çeken özsuraty
avatar
0
2 Мango • 23:21, 06.01.2024
"Özün bilen adam welin!" diýýärler;
Diýmek ol weli!

"welin" – dowrumy bir özü? ýa "weli" bolmalymy?

Hemra kaka goşgyň başyny filosowskiý başlap soňuny tarypnama urupdyr.
gysgaça başyny has gowwördüm.
onnoda ýyzzyl.
avatar
0
3 Medicall • 23:48, 06.01.2024
Dogrudanam öz suratymy suraty çekeniñ?
avatar

uCoz