MENU

19:09
Gaýtalamak
GAÝTALAMAK

Ol hasratlar seni syndyrmaz diýdiň,
Ýagan ýagyş meni dyndyrmaz diýdiň,
Baryp antik döwürleriň söýgüsin
Hem täzeçe söýgiň bilinden guçup,
Dünýä uly zady dogurmaz diýdiň.

Sen göwnüme söýgi bolup ýaşadyň,
Döredilen zatlaň epigonýasy,
Seni beýgeltmeklik özümi ýykyp,
Bolardy wagtlaýyn bagtyň oňmasy,
Ýalňyzlygy gara gözüme basyp,
Garaňkyda gara gözlem oňmady.

Garaşmadyk ýaly garaşdym ýördüm,
Ýagtylyga çykmak arzuwyn edip,
Içinde Gün bolan düýşleri gördüm,
Ynam-men dönükden bilmänsoň gidip,
Dünýä uly zady dogurmaz diýen
Şol dünýäň içinde gidäýdi ýitip.

A hasratlar meni syndyrmadylar...
Ýagyşlaram senden dyndyrmadylar...

© Bägül ATAÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 108 | Добавил: atayeva | Теги: Bägül Ataýewa | Рейтинг: 3.5/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Aksary • 21:24, 12.07.2023
Içinde Gün bolan düýşleri gördüm,

Ozalky düýşler Günli dal ekeni.ýagny gara ekeni.
Ömrüñ bolsun.owadan goşgy.
avatar

uCoz