MENU

20:25
«Geçmiş, köne jykyr ýaly aýlanyp...»

«GEÇMIŞ, KÖNE JYKYR ÝALY AÝLANYP...»

Geçmiş,
‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎köne jykyr ýaly aýlanyp,
Bagyr-öýkenne çen goýupdyr serip.
Pikirler-hyýallar ganatyň gerip,
Çümýär ýyllaň gatyna,
Hyýal atyna
‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎müneňsoň ýyl näme,
‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠonlap asyrlar
sähelçe salymda gelýär alkyma.
Ýakyna getirýän dürbi mysaly,
Gözüňi öwürseň ýetişýär nazar,
Eliňi uzatsaň ýetäýjek ýaly.
Geçmiş açýar syryny
Gözbagçy dek,
‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠbir pirimi paşmadyk.
Aşnadyk
‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠdiýjek bar geçmişe bakyp,
hem ýeňsesin öwürjek bar ýene-de.
Günler, aýlar tagmalanan guzy dek:
«Pylan zat bolupdy pylan senede...»
Bu Geçmiş,
‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎munda bar zat eýeli.
Ýöne, Geljek gelýär sarç bedew bolup,
Bedew bolup,
‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠ‎‎‎‎‎‎‎‎ᅠüstünde ýok eýeri!

© Jumageldi MÜLKIÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: sussupessimist | Теги: Jumageldi Mülkiýew | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 1
avatar
0
1 Aýgül_Baýadowa • 21:55, 10.04.2024
"Eýesiz" diýip jemläýseň diýýän welin, sögünç ýaly eşidiljek-dä.
avatar

uCoz