MENU

01:00
Gel ezizim ýene saçlam örsene...
Ýene geldi bahar geýinip elwan
Men bolsa ýuwaşja barýaryn seýle
Ine şol seýilgäh, ine-de şol bag
Gel ezizim ýene saçlam örsene...

Geçipdir niçe aý ýyllar aradan
Şu bag dämi söýgimizi ýyladan
Indi dolanmazmy şo gün gaýtadan
Gel ezizim ýene saçlam örsene...

Çarhypelek çarhlap sünçdi hanjaryn
Ýüregimize salyp bitmez yzasyn
Ýadymdan çykanok saçlam sypaýşyñ
Gel ezizim ýene saçlam örsene...

Ykbal täleýmizi saldyla aýra,
Belki-de ýazgydyñ bolmalysy şeýle.
Iñ bolman soñkyja pursatda seýle,
Gel ezizim ýene saçlam örsene...

© Laçyn SAPARDURDYÝEWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 110 | Добавил: Lachyn96 | Теги: Laçyn Sapardurdyýewa | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 6
avatar
0
1 Мango • 00:04, 18.06.2023
gahrymanka maslahat: men-ä saçymy ördürmezdim.
avatar
0
2 Lachyn96 • 00:15, 18.06.2023
näme üçin?
avatar
0
3 Lachyn96 • 00:19, 18.06.2023
belki bir wagt örülendir şo saçlar we ýene küýselýändir örülmegini
avatar
0
4 Мango • 00:34, 18.06.2023

şu logany görsem, jennetde dişlenen alma (miwe) ýadyma düşýär.
dişlediler.
soň hemme zat başlandy...

***

saçlaryň örülip çöşlenmeginiňem wagty bar.
wagtyndan öň howlukmaly däl.
тем более seýilgähde çöşlenmeli däl.

meniň pikirim.
ylalaşybam, ylalaşmanam bilersiňiz.
avatar
0
5 Medicall • 00:43, 18.06.2023
Mango, men-a bu pikiriñiz bilen 100% ylalaşýan, dogry hasaplaýan, Laçynam düşünip, gowy netije çykaryp kämillige tarap gadam goýar diyip umyt edýãrin)
avatar
0
6 Lachyn96 • 00:45, 18.06.2023
siz bu ýerde seýilgäh diýilende ýalñyş düşündiñiz öýdýän
avatar

uCoz