MENU

13:07
Gel indi!

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

GEL INDI!

"Gel indi geljek bolsaň,
Ýakma bu şirin jany."

aýdymdan

Gel indi geljek bolsaň,
İrizdi garaşmagam.
Salgymyňa aldanyp,
Ýollarda azaşdymam.

Wadaly güýzler ötdi,
Ötdi elwan baharlar.
Näçe şapak gyzaryp,
Atdy näçe säherler.

Sabrymam pagyş-para,
Mundan artyk mejal ýok.
Diýýär geçen ýyllaram,
"Gelmez, juda kejal ol".

Bilýän juda işlisiň,
Başagaýdyr günlerem.
Ýöne bir habar alaý,
"Sen, sen" diýýän Güldenem.

Öýkeli göwnüm alyp,
Gussany daşa kowsaň.
Men garaşyp ýadadym,
Gel indi geljek bolsaň!
Категория: Goşgular | Просмотров: 175 | Добавил: Medicall | Теги: ELEGANT ESER baýragyna, Şagül Dowadowa | Рейтинг: 3.8/4
Всего комментариев: 21
avatar
0
1 Mekan2 • 13:19, 21.02.2024
5/10
avatar
0
2 Medicall • 13:29, 21.02.2024
Suwyrotlora marka goýjak wölü, kompyuterim syrkawlap, kösenip baty düýnnen wäri)
avatar
0
3 Pero • 13:49, 21.02.2024
4/10
avatar
0
4 Rowaç • 14:01, 21.02.2024
"keçjal" bolmalymy?
Üýtgeşik täzelik ýok, diňe bogun hem setir sazlaşygy diýäýmeňem. Şonuň üçrip 3/10.
avatar
0
5 sussupessimist • 14:24, 21.02.2024
epigrafdaky klişe setirler ýokary çykaranyňa degýärmikä?
mejal ýogy kejal bilen kapyýalaşdyrmak synanyşygy - gözgyny görünýär (tankyt tankyt bolýar, nädeýin?)
2/10
avatar
0
6 derwushhana • 14:27, 21.02.2024
2/10
avatar
0
7 aygull • 14:51, 21.02.2024
1/10.
avatar
0
8 Mekan2 • 16:13, 21.02.2024
gyýw, Aýgül genje, nädädiň-ä mynyny. (men by goşgy seňkidir ö:ttüm :-))
avatar
0
9 garagar • 16:41, 21.02.2024
@myhman aga, myhmandygyň bildirýär)
Goşgy howul-hara göründi.
3/10
avatar
1
10 aygull • 17:55, 21.02.2024
@myhman, men beŷdip ŷazyp bilemog-a entek.
avatar
0
11 Hyýalbent • 18:48, 21.02.2024
4/10
Üstünlik
avatar
0
12 Küle • 19:10, 25.02.2024
1/10
avatar
0
13 Lacrymosa • 19:37, 25.02.2024
gowy goşgy eken, haladym 10 bal
avatar
0
14 Kyyas • 21:18, 25.02.2024
Sonky bendi gowy ekeni
avatar
0
15 Gerceknazar96 • 19:54, 27.02.2024
Soňky bent bir bal artdyrdy. 3/10
avatar
0
16 Мukam • 22:27, 03.03.2024
Goşgynyn ritimini üýtgedip okaýyş akgynyny üýtgetýäñ. Hip-hop bolan ýaly halk aýdymyñ arasynda yhy, yhy ow diýen ýaly rep geläýjek sanawaçdanam goşulan bolsa, hic hili kemçilik goýmajak ekeni. (Göwnüme awtor goşgyny synag üçin goýan ýaly, eminlik edýänler tanarmy ýok diýeninkä meñzäp dur)
avatar
0
17 LegLek • 20:07, 04.03.2024
7/10
avatar
0
18 paragraph • 04:46, 05.03.2024
6/10
avatar
0
19 janjennet • 13:43, 13.03.2024
2/10
avatar
0
20 Gülkamat • 17:08, 21.03.2024
4/10
avatar
0
21 Seýrаn • 22:27, 21.03.2024
4/10
avatar

uCoz